Iň täze habarlar

Türkmenistanyñ DIM-nde ABŞ-niñ Döwlet departamentiniñ ýörite geñeşçisi bilen duşuşyk geçirildi

10.09.2024 | 20:05 |
 Türkmenistanyñ DIM-nde ABŞ-niñ Döwlet departamentiniñ ýörite geñeşçisi bilen duşuşyk geçirildi

10-njy sentýabrda, sişenbe güni Türkmenistanyñ Daşary işler ministriniñ orunbasary Mähri Bäşimowa ABŞ-niñ Döwlet departamentiniñ mümkinçilikleri çäkli bolan adamlaryñ halkara hukuklary boýunça ýörite geñeşçisi Sara Minkara bilen duşuşdy.

ABŞ-niñ Döwlet departamentiniñ wekiliýeti maýyplaryñ hukuklaryny goramakda milli kanunçykaryjylyk ulgamy hem-de ýurdumyzda saglyk mümkinçilikleri çäkli bolan adamlaryñ hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça çäreleri bilen tanyşdyryldy.

"BMG-niñ Maýyplaryñ hukuklary baradaky Konwensiýasynyñ we Fakultatiw Teswirnamasynyñ durmuşa geçirilmegine hem-de bu babatda Türkmenistan bilen Amerikanyñ Birleşen Ştatlarynyñ arasyndaky hyzmatdaşlygyny ösdürmek mümkinçiliklerine aýratyn ähmiýet berildi" - diýip, DIM-niñ habarlar gullugy habar berýär.

Türkmenistanda maýyplygy bolan adamlara goldaw bermek ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen kanunçykaryjylyk binýadynyñ yzygider kämilleşýändigi hem-de mümkinçilikleri çäkli bolan adamlaryñ hukuklarynyñ mundan beýläk ösdürilýändigi barada aýratyn bellenildi.

Mundan başga-da "C5+1" formatynyñ çäklerinde mümkinçilikleri çäkli bolan adamlaryñ hukuklaryny goramak meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyñ ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.


Sara Minkara inklýuziw we maýyplyk meseleleri boýunça liwanly we amerikanly bilermendir. Ol maýyplaryñ hukuklaryny gorap, ABŞ-niñ Döwlet departamentinde maýyplaryñ halkara hukuklary boýunça ABŞ-niñ ýörite geñeşçisidir.

Minkara ýedi ýaşynda kör galdy. Ol Uellsli kollejinde sungat bakalawry derejesini, Garward uniwersitetinde bolsa döwlet syýasaty boýunça magistr derejesini aldy.

Sara Minkaranyñ aýal dogany Mona Minkara hem kör. Ol ylym adamsy bolup, görüş kemçilikleri bolan adamlaryñ hukuklaryny goramak bilen meşgullanýar.

ORIENT news

Foto: mfa.gov.tm

Şeýle hem okaň: