Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti german kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

17.09.2024 | 12:15 |
 Türkmenistanyň Prezidenti german kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Astanada geçirilýän Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň Germaniýanyň Federal kansleri Olaf Şols bilen ikinji duşuşygyna gatnaşmak bilen, Germaniýanyň Federatiw Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi.

Germaniýanyň Ykdysadyýet we howany goramak ministrliginiň parlament stats-sekretary Mihael Kellner türkmen döwletiniň Baştutanyny garşy alyp, Germaniýanyň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen birnäçe ileri tutulýan ugurlar boýunça däbe öwrülen hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly gyzyklanma bildirýändikleri barada aýdyp geçdi. Bellenilşi ýaly, bu gyzyklanma köp ýyllardan bäri alnyp barylýan bilelikdäki işiň üstünlikli tejribesi hem-de ýurtda daşary ýurt işewürligi üçin döredileýän oňaýly mümkinçilikler bilen şertlendirildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana bolan barha ösýän gyzyklanma barada kanagatlanma bilen belläp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäkleriniň giňeldilmegi barada nygtap geçdi. Muňa bolsa şu günki duşuşygyň wekilçilikli düzümi şaýatlyk edýär.

Täzeden dikeldilýän energetika, ulag we aragatnaşyk, himiýa senagaty, dokma senagaty, oba hojalygy, “ýaşyl ykdysadyýete” geçiş, innowasiýalar we tehnologiýa hyzmatdaşlygyň geljekki ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi.

ORIENT news

Foto: orda.kz

Şeýle hem okaň: