Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa-Germaniýa sammitine gatnaşar
17.09.2024 | 11:20 |Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Astanada geçirilýän Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň Germaniýanyň Federal kansleri Olaf Şols bilen ikinji duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş saparyna ugrady.
Nursultan Nazarbaýew adyndaky halkara howa menzilinde “Merkezi Aziýa - Germaniýa” sammitine gatnaşyjy-ýurtlaryň baýdaklary ýokary göterilip, türkmen döwletiniň Baştutanyny uçaryň öňünde dostlukly goňşy ýurduň premýer-ministri Olžas Bektenow we beýleki resmi adamlar hem-de ýurdumyzyň hökümet wekiliýetiniň agzalary garşy aldylar diýip, “TDH” habar berýär.
Sammitiň barşynda sebitiň ýurtlarynyň Germaniýa bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny mundan beýläk ösdürmek we pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.
Söwda-ykdysady, maýa goýum, tehnologiýa, ulag-aragatnaşyk we beýleki ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň tejribe işleriniň giňeldilmegine aýratyn üns beriler. Şeýle-de Germaniýanyň esasy kompaniýalarynyň we banklarynyň ýolbaşçylary bilen bilelikdäki duşuşyklaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
“Merkezi Aziýa - Germaniýa” formatyndaky ilkinji sammit geçen ýylyň 29-njy sentýabrynda Berlin şäherinde geçirildi.
ORIENT news