Iň täze habarlar

14-nji we 15-nji sentýabrda Moskwada arap at çempionaty we ahalteke atlarynyň sergisi geçiriler

13.09.2024 | 12:40 |
 14-nji we 15-nji sentýabrda Moskwada arap at çempionaty we ahalteke atlarynyň sergisi geçiriler

14-nji sentýabrda WDNH-da (Halk hojalygynyň üstünlikleriň sergisi) Russiýanyň ahalteke atçylyk önümçilik birleşigi tarapyndan gurnalan ahalteke atlarynyň bütin rus sergisi geçiriler. “Bolşaýa Aziýa” elektron neşiriniň habar berişi ýaly, bu çärä Russiýada ösdürilip ýetişdirilen 30-dan gowrak at gatnaşar. Şeýle hem, şowhunly çykyşlar we atlar üçin milli bezegleriň görkeziljek “Däp bolan bezegler” atly bäsleşigi geçiriler.

15-nji sentýabrda Milli arap atlary jemgyýeti we “Rosplemkonzawod” assosasiýasy tarapyndan gurnalan arap atlaryň ýaryşy geçiriler. Eýran, BAE, Saud Arabystany, Bahreýn, Kuweýt we Russiýanyň bilermenleriniň gatnaşmagynda eminler topary ýylyň ýeke-täk ýeňijisini saýlar.

Giriş tölegsiz.

ORIENT news

Foto: equinerussia.ru

Şeýle hem okaň: