Iň täze habarlar

"Kudo Kudo" fastfud Türkmenistanda: towuk etinden dürli tagamlar Size garaşýar!

18.09.2024 | 03:55 |
 "Kudo Kudo" fastfud Türkmenistanda:  towuk etinden dürli tagamlar Size garaşýar!

Merkezi Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän "Kudo Kudo" fastfud restoranynyň Türkmenistanda hem 3 sany şahamçasy ("Aşgabat Mall" - söwda we dynç alyş merkezinde, "Syýahat" myhmanhanasynyň 1-nji gatynda, Mary welaýatynda) işläp başlady.

1

"Kudo Kudo"-nyň paýtagtymyzdaky "Syýahat" myhmanhanasynyň 1-nji gatynda ýerleşen täze şahamçasynyň açylyş dabarasy hem köp adamly boldy. Oňa gatnaşanlar dürli görnüşli tagamlardan agşamlyk naharyny edinmek bilen, olara ýokary baha berdiler.

2

Häzirki wagtda Saud Arabystan, BAE, Malaziya, Azerbaýjan, Russiýa ýaly dünýäniň birnäçe döwletlerinde 50-den gowrak şahamçasy hereket edýän bu restoranyň tagamlary müşderileriň islegini gazanmagy başardy.

3

Restoranyň tagamlarynyň sanawynyň esasyny towuk etinden taýýarlanan dürli görnüşli naharlar düzýär. Eger Siz hem towuk etinden taýýarlanan fastfud tagamlaryny halaýan bolsaňyz, onda: "Işdäňiz açyk bolsun" diýmek bilen, "Kudo Kudo" fastfud Size garaşýar.

4

"Kudo Kudo" - liwiýalylaryň dilinde "towuk" diýmegi aňladýar. Megerem bu ady restorany esaslandyryjy liwiýaly işewür dakan bolmaly.

5

Restoranyň täze şahamçasynyň salgysy: Görogly köçesi, 139/1, "Syyahat" myhmanhanasynyň 1-nji gaty.

6

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: