Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky Ilçihanasynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan stol tennisi boýunça ýaryş geçirildi

15.09.2024 | 15:47 |
 Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky Ilçihanasynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan stol tennisi boýunça ýaryş geçirildi

14-nji sentýabrda Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasy “Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna hem-de türkmen şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan stol tennisi boýunça sport çäresini geçirdi.

Sport ýaryşyna türkmen diasporasynyň wekilleri we Bişkekdäki ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplar gatnaşdy.

Sport çäresi başlamazdan ozal geçirilen dabarada, sporty we sagdyn durmuş ýörelgesini, şeýle hem ýurduň ýaş nesliniň döredijilikli ösen şahsyýetini kemala getirmegi maksat edinýän Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň daşary syýasat strategiýasynda sport diplomatiýasy möhüm orun eýeleýändigi bellenildi.

Ýaryşyň ahyrynda ýeňijilere we gatnaşyjylara Türkmenistanyň Ilçihanasynyň adyndan degişli kuboklar, “Magtymguly Pyragy 300 ýyl” kitaplary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Foto: Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan berlen

Şeýle hem okaň: