Ykdysadyýet

Merkezi Aziýanyň bazarlaryna rus maýadarlarynyň "syny oturdy"
25.03.2023
|20:03
|125
Merkezi Aziýa bazarlarynyň 35%-i rus maýadarlarynyň gözüne ildi. Maglumat Atlas býurosynyň bilermenleri tarapyndan Almaty, Bişkek, Duşanbe we Daşkent şäherlerindäki 147 bazary öz içine alýan barlag taslamasynyň çäginde mälim edildi.

Azerbaýjan Gazagystanyň nebitini Baku-Tbilisi-Jeýhan turbageçirijisi arkaly üstaşyr geçirmek işini ýola goýdy
24.03.2023
|21:03
|84
Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasy (SOCAR) Gazagystanyň nebitiniň Baku-Tbilisi-Jeýhan turbageçirijisiniň üsti bilen üstaşyr daşalyşyny ýola goýdy – diýip, kompaniýanyň metbugat gullugy habar berýär.

TDHÇB-daky söwdalaşyklar: suwuklandyrylan gazyň 4 müň tonnadan gowragy eksport edildi
24.03.2023
|17:30
|180
Penşenbe güni, 23-nji martda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $1,3 mln amerikan dollaryna deň bolan 3 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Türkmenistan, Russiýa we Gazagystan Hazaryň töwereginden geçýän trassanyň gurluşygyny maslahatlaşýarlar
24.03.2023
|11:07
|182
Türkmenistan, Russiýa we Gazagystan Hazaryň töwereginden aýlanyp geçýän trassanyň gurluşygy barada ylalaşyga gol çekip bilerler - diýip, RF-nyň premýer-ministriniň orunbasary Marat Husnullin RIA Nowosti agentligine gürrüň berdi.

Ýaponiýanyň döwlet ministri Türkmenistan bilen hyzmatdaşlykda ösüşiň hili baradaky pikiri bilen paýlaşdy
24.03.2023
|01:28
|87
Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Kendzi Ýamada we Türkmenistanyň Tokiodaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atadurdy Baýramow penşenbe güni geçirilen duşuşykda, özara gatnaşyklaryň toplanan tejribesini we häzirki ýagdaýyny göz öňünde tutmak arkaly, ikitaraplaýyn gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar.

TDHÇB-daky söwdalaşyklar: suwuklandyrylan gaz we göni arassalanan benzin satuwlarda öňdeligi eýelediler
23.03.2023
|16:22
|125
Duşenbe güni, 20-nji martda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $15,8 mln amerikan dollaryna deň bolan 12 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň ýurtlary ýeke-täk energiýa bazaryny dörederler
23.03.2023
|16:09
|156
2025-nji ýylda Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň ýurtlary ýeke-täk energiýa bazary dörederler. Bu barada energetika we infrastrukrura boýunça Ýewraziýa ykdysady komissiýasynyň Gyrgyzystandan ministri Arzybek Kožoşew Bişkekde geçýän Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň halkara energetika forumynyň meýdanynda beýan etdi – diýip, «Rossiýskaýa gazeta» habar berýär.

Türkmenistanda işiň ygtyýarlandyrylýan täze görnüşi peýda boldy
23.03.2023
|16:02
|345
Türkmenistanda senagat gurluşyk materiallaryny, önümlerini we konstruksiýalaryny öndürmek boýunça iş görnüşi ygtyýarlandyrylmaga degişli işleriň sanawyna goşuldy.

Türkmenistan we Lýuksemburg ykdysady gatnaşyklary giňelder, şol sanda IT ulgamynda-da
22.03.2023
|19:39
|38
Türkmenistanyň Belgiýadaky, Gollandiýadaky we Lýuksemburgdaky ilçisi Sapar Pälwanow Lýuksemburgyň Söwda palatasynyň Halkara gatnaşyklary bölüminiň müdiri Sindi Tereba bilen duşuşdy. Diplomat, Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan täze Türkmen şäheriniň – Arkadag şäheriniň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi. Pälwanow bu şäheriň ýurdymyzda ilkinji bolup «akylly», ekologiýa taýdan arassa şäher statusyna eýe boljakdygyny belläp, Lýuksemburg kompaniýalaryny sanlylaşdyrma, IT pudagynda ýokary tehnologiýaly çözgütleri ulanyp bilelikdäki maýa goýum taslamalaryna gatnaşmaga, şeýle hem «smart sity» ulgamlaryny dolandyrmak pudagynda özara gatnaşyklaryň mümkinçiligini öwrenmäge çagyrdy.

Gyrgyzystan altynyň baý ätiýaçlyk goruny toplady - Prezident Japarow
22.03.2023
|03:03
|135
– “Gyrgyzystan altynyň baý ätiýaçlyk goruny toplady” – diýip, Prezident Sadyr Japarow sişenbe güni Nowruz baýramçylygy mynasybetli eden çykyşynda aýtdy.