GDA agza döwletler demir ýol ulaglarynyň strategiki ösüşi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar
13.09.2024 | 12:09 |Moskwada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň demir ýol ulaglary geňeşiniň demir ýol ulaglaryny strategiki ösdürmek boýunça komissiýasynyň on ýedinji maslahaty geçirildi. Maslahat tehnologiki aragatnaşyk ulgamyny (TAU) ulanmak arkaly gibrid görnüşinde geçirildi. Bu barada Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komiteti habar berdi.
Geňeşiň mejlisine Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystanyň, Ermenistanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň demirýol administrasiýalarynyň wekilleri, şeýle hem Arkalaşyga agza döwletleriň demir ýol ulaglary Geňeşiniň direksiýasynyň wekilleri gatnaşdy.
Gatnaşanlar 2023-nji ýylda 2030-njy ýyla çenli “1520 giňişlikde” demir ýol ulaglaryny strategiki ösdürmek konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmegi barada demirýol administrasiýalaryndan alnan maglumatlary gözden geçirdiler we ylalaşdylar. Kabul edilen kararlar Geňeşiň 81-nji mejlisinde garalar.
Şeýle hem maslahatda demir ýol ulaglaryny 2024-2025-nji ýyllar üçin strategiki ösdürmek meseleleri boýunça Iş meýilnamasy tassyklandy.
ORIENT news