Iň täze habarlar

ABŞ-nyň iň uly awiakompaniýalarynyň biri öz uçarlarynda “Starlink” arkaly tölegsiz Wi-Fi hödürlär

14.09.2024 | 11:48 |
 ABŞ-nyň iň uly awiakompaniýalarynyň biri öz uçarlarynda “Starlink” arkaly tölegsiz Wi-Fi hödürlär

Geljek ýyldan başlap, Amerikanyň iň uly awiakompaniýalarynyň biri bolan “United Airlines” “SpaceX”-den “Starlink” emeli hemra internetiniň üsti bilen ýolagçylara tölegsiz Wi-Fi hödürlär.

Geljekde “United Airlines” kompaniýasynyň 1000-den gowrak uçarlarynda “Starlink”-den tölegsiz Wi-Fi elýeterli bolar.

“Ýerde edip bilýän zatlaryňyzy siz ýakyn wagtda 35,000 fut (10,668 metr) belentlikde “United”-iň uçarynda dünýäniň islendik ýerinde diýen ýaly edip bilersiňiz” – diýip, “United Airlines”-iň Baş direktory Skott Kirbi (Scott Kirby) aýtdy.

Bu başlangyç syýahatçylar üçin möhüm ähmiýete eýedir. “United Airlines” häzirki wagtda öz uçarlary üçin dört dürli Wi-Fi üpjün edijisini ulanýar, olaryň arasynda Intelsat, Panasonic Wi-Fi we Viasat Wi-Fi bar.

ABŞ-da ýokary tizlikli “Starlink” hyzmaty häzirki wagtda diňe “JSX” we “Hawaiian Airlines” uçarlarynda elýeterlidir. Birnäçe halkara awiakompaniýasy “Starlink Wi-Fi” ornaşdyrmak meýilnamasyny yglan etdi: “WestJet” dekabr aýyndan başlap käbir uçarlarynda “Starlink”-i ulanar, “Qatar Airways” şu ýylyň ahyrynda “Boeing 777-300” uçarlarynyň üçüsinde tölegsiz “Starlink Wi-Fi” hödürlär, “Air New Zealand” “Starlink”-i 2025-nji ýylda içerki flotuna ornaşdyrmagy meýilleşdirýär.

“United Airlines” bilen “Starlink” şertnamasy baradaky habary, kosmos aragatnaşy ulgamynda bäsdeşligi ösdürmegiň zerurlygy baradaky eden çykyşy wagtynda Federal aragatnaşyk komissiýasynyň başlygy Jessika Rosenworsel aýtdy.

ORIENT news

Foto: 3dnews.ru

Şeýle hem okaň: