Iň täze habarlar

2025-nji ýylda GDA-da emeli aň tehnologiýalary boýunça kanunyň nusgasynyň işlenip düzülmegini tamamlanar

12.09.2024 | 15:37 |
 2025-nji ýylda GDA-da emeli aň tehnologiýalary boýunça kanunyň nusgasynyň işlenip düzülmegini tamamlanar

Geljek ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda emeli aň tehnologiýalary boýunça kanunyň nusgasynyň işlenip düzülmegini tamamlanar. Bu barada Belarus Respublikasynyň Milli Ylymlar akademiýasynyň Informatika meseleleri boýunça bilelikdäki institutynyň ylmy işler boýunça baş müdiriniň orunbasary Sergeý Kasanine salgylanyp, BELTA habar berýär.

Bu kanun GDA agza ýurtlarynyň bu ugurdaky kanunlaryny bir nusga getirmäge gönükdirilendir.

Sergeý Kasaniniň Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Hukuk we kazyýet işleri boýunça geňeşiniň çäginde döredilen emeli aň tehnologiýalaryny ulanmagyň we ösdürmegiň kanunynyň kadalaşdyrylyşy barada seljerme ýazgylaryny taýýarlamak üçin iş toparyna ýolbaşçylyk edendigini bellemelidiris.

“Häzirki wagtda biz eýýäm dünýäniň iň uly bileleşikleriniň we dürli ýurtlaryň ähli kanunlaryny, şeýle hem Belarus Respublikasynyň kanunlaryny seljerdik” – diýip, Kasanin habar berdi.

ORIENT news

Foto: belta.by

Şeýle hem okaň: