Iň täze habarlar

Türkmenistanyň we Yragyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler

15.09.2024 | 21:45 |
 Türkmenistanyň we Yragyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler

15-nji sentýbar, ýekşenbe güni wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow öz yrakly kärdeşi Fuad Hüseýn bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary, ýokary we iň ýokary derejede amala aşyrylýan ikitaraplaýyn saparlaryna hem-de halkara guramalarynyň çäklerindäki gatnaşyklara, sebitleýin we halkara gün tertibindäki meseleler boýunça hyzmatdaşlyga üns çekmek bilen, türkmen-yrak gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-niň berýän habarlarynda aýdylýar.

Yragyň DIM-niň habarlaryna laýyklykda, gepleşikleriň dowamynda Türkmenistandan Yraga gaz geçirişlerine degişli ylalaşyklar hem-de iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryny berkitmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de Bagdad hökümetiniň berýän maglumatlaryna görä, hyzmatdaşlygy berkitmek maksady bilen türkmen ministri Fuad Hüseýne Aşgabada sapar bilen gelmek üçin resmi çakylyk ýollady.


2024-nji ýylyň iýul aýynyň başlarynda Aşgabatda türkmen we eýranly taraplarynyň arasynda Eýranyň çäginden Türkmenistandan Yraga geçiriljek ýylda 10 mlrd m3 barabar bolan tebigy gazyň alyş-satuwy barada şertnama baglaşyldy.

Aşgabadyň Hökümeti hem Yragyň ýolbaçylaryny şu ýylyň oktýabr aýynda geçiriljek döwlet we hökümet ýolbaşçylarynyň Sammitine gatnaşmak üçin resmi çakylygyny ýollady.

ORIENT news

Foto: mofa.gov.iq

Şeýle hem okaň: