Medeniýet

"Uly kir ýuwuşlyk" - Aşgabatdaky fransuz mekdebindäki çeperçilik çäresi
26.03.2023
|01:52
|98
Ýaz paslynyň gelmegi bilen fransuz mekdebiniň MLF (Mission laïque française) okuwçylary, däp bolşy ýaly, adaty bahar çärelerine taýýarlanýarlar. Olaryň arasynda – hemmeleriň halaýan "Uly kir ýuwuşlygy" (Grande lessive).

Türkmenistanyň raýatlarynyň 25-si Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerine döredijilik hünärleri boýunça okuwa ugradylar
24.03.2023
|14:49
|211
2023-2024-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň raýatlarynyň 25-si Russiýanyň abraýly ýokary okuw mekdeplerine medeniýet we sungat ugurlary boýunça okuwa ugradylar – diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Iýun aýynda Türkmenistanda TÜRKSOY Medeniýet günlerini geçirmek meýilleşdirilýär
24.03.2023
|03:57
|100
TURKSOY guramasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli agza ýurtlarda geçiriljek dürli çäreler maksatnamasynyň çäklerinde guramanyň Medeniýet günleriniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Duşuşykda Türkmenistan bilen TURKSOY guramasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary nukdaýnazaryndan, 30-ýyllyga bagyşlanan maslahatlaryň tertibine, olaryň tematiki taraplaryna garaldy.

Türkmenistan Minskdäki halkara kitap sergisine gatnaşýar
23.03.2023
|21:27
|145
Türkmenistan 22-nji martdan 26-njy mart aralygynda Belarussiýanyň paýtagtynda "Serhetsiz kitaplar dünýäsi" şygary bilen geçirilýän XXX Minsk halkara kitap ýarmarkasyna gatnaşýar.

Dubnadaky Volga music fest 2023 festiwalynda Türkmen sazy ýerine ýetiriler
22.03.2023
|19:32
|40
Ikinji klassiki Volga music fest saz festiwaly 15-nji martdan 1-nji aprel aralygynda Dubna şäherinde (Moskwa sebiti) geçirilýär. Pianinoçylar Wladimir we Ýelena Suşkowlar tarapyndan gurnalan festiwalyň maksatnamasynda meşhur sazandalaryň mugt ussatlyk sapaklary, görnükli medeniýet işgärleri bilen döredijilik duşuşyklary we elbetde klassiki saz konsertleri bar.

Daşkentde “Innoprom. Merkezi Aziýa” atly Halkara senagat sergisi geçiriler
20.03.2023
|18:29
|73
24-26-njy aprelde Daşkende "Innoprom. Merkezi Aziýa" Halkara senagat sergisi geçiriler. Çäräniň guramaçylyk komitetiniň habaryna görä, “Uzeksposenter” Milli sergi toplumynda ekspozisiýanyň guraljak meýdanynyň 80% golaýy eýýäm bronlandy.

Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçihanasy Wenada Nowruz baýramynyň bellenilmegine goşuldy
20.03.2023
|10:43
|112
Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçihanasy we Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Hindistanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Eýranyň, Yragyň diplomatik wekilhanalary we «Society» žurnalynyň redaksiýasy Nowruz baýramy mynasybetli dabaraly çäre geçirdiler. Bu barada Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçihanasynyň metbugat-habarynda aýdylýar.

Aşgabatda «Ýaşlar» filminiň ilkinji görkezilişi bolar
18.03.2023
|15:45
|175
18-nji martda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» kinoteatrynda režissýor Isgendermuhammet Annamuhammedowyň «Ýaşlar» filminiň ilkinji görkezilişi bolar, film Öre Daşgynowyň ady bir eseriniň esasynda surata düşürildi.

Ussat suratkeşler Bäşim Nuraly adyndaky baýragyň eýesi boldular
18.03.2023
|14:56
|165
Türkmenistanyň tanymal sungat ussatlary Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň Bäşim Nuraly adyndaky baýragy bilen sylaglandy. Baýraklar anna güni Aşgabatda birleşigiň Sergi merkezinde Nowruz baýramyna bagyşlanyp geçirilen serginiň açylyş dabarasynda gowşurylyp, oňa Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Allamyrat Muhammedow, Türkmenistanyň halk suratkeşi Amandurdy Meredow, Türkmenistanyň halk suratkeşi Gylyçmyrat Ýarmämmedow, Türkmenistanyň halk suratkeşi Dursunsolmaz Muhammedowa mynasyp boldular.

Özbegistanda beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenildi
17.03.2023
|17:24
|142
14-15-nji martda Özbegistanda beýik şahyr, Gündogaryň klassigi we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününüň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäreler geçirildi. Iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda geçirilen medeni çäre, Horezm welaýatynda geçirildi, – diýip çäräniň guramaçysy bolup çykyş eden Özbegistandaky Türkmen ilçihanasy habar berýär.