Iň täze habarlar

Bişkekde Türki döwletleri guramasyna agza döwletleriň energetika ministrleriniň dördünji mejlisi geçirildi

16.09.2024 | 17:53 |
 Bişkekde Türki döwletleri guramasyna agza döwletleriň energetika ministrleriniň dördünji mejlisi geçirildi

16-njy sentýabrda Bişkek şäherinde Türki döwletleri guramasyna (TDG) agza döwletleriň energetika ministrleriniň dördünji mejlisi geçirildi.

Mejlise Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçisi N.Gölliýew, Gazagystan Respublikasynyň Energetika ministriniň birinji wise-ministri S.Ýesimhanow, Azerbaýjan Respublikasynyň Energetika ministri P.Şahbazow, Gyrgyz Respublikasynyň Energetika ministri T.Ibraýew, Türkiýe Respublikasynyň Energetika we tebigy baýlyklar ministriniň orunbasary A. Çonkar, Wengriýanyň Daşary ykdysady gatnaşyklar we daşary işler ministrliginiň döwlet sekretary P.Starai, Özbegistan Respublikasynyň Energetika ministriniň birinji orunbasary B Mamatkarimow, şeýle hem Türki döwletleri guramasynyň baş sekretary K. Omuraliýew gatnaşdy.

Türkmenistanyň Ilçisi N.Gölliýew öz çykyşynda energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny, şeýle hem bu ugurda energiýa serişdeleriniň durnukly we yzygiderli iberilmegini üpjün etmek üçin hyzmatdaşlygy berkitmek babatynda uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Şeýle hem bu mejlisiň mundan beýläkki ösüş üçin we energiýa pudagynda netijeli hyzmatdaşlyga tarap nobatdaky ädim boljakdygy bellenildi.

Çäräniň dowamynda wekiliýetiň ýolbaşçylary Türki döwletleriniň guramasynyň çäginde energiýa pudagynda bilelikdäki işleri gözden geçirdiler we Astana Jarnamasynyň, 2040-njy ýyla çenli Türki dünýäsini ösüşi konsepsiýasynyň, ähmiýetini bellediler, Türk döwletleriniň guramasynyň Maksatnamasynda we 2023-2027-nji ýyllar üçin Energetika hyzmatdaşlygy boýunça Hereketleriň meýilnamasynda, Türki döwletleriniň Energetika ministrlikleriniň arasynda konstruktiw hyzmatdaşlygy we hemmetaraplaýyn özara gatnaşyklary pugtalandyrmagy üpjün edýär.

Mejlise gatnaşyjylar şeýle hem sebitde ýaşyl energiýa geçelgelerini ösdürmegiň ähmiýeti barada pikir alyşdylar we bu ugurda ýaşyl energiýany ösdürmek we ýurtlaryň arasynda geçirmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmekdäki öňegidişligi goldadylar.

Duşuşygyň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannama gol çekildi.

ORIENT news

Foto: Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan berlen

Şeýle hem okaň: