Jemgyýet

Rus dili Russiýada migrantlar üçin salgytlary “azaldar”
25.03.2023
|18:58
|91
Russiýanyň Içeri işler ministrligi rus dilini biliş derejesine baglylykda, migrantlar üçin fiziki şahslaryň girdeji salgydynyň (FŞGS) tölegini azaltmagy teklip etdi. Döwlet Dumasynda IIM-iň Migrasiýa meseleleri boýunça Baş müdirliginiň bölümiň ýolbaşçysy Walentina Kazakowa tarapyndan hödürlenen maglumatlarynda “salgydyň möçberini "beýik we kuwwatly" rus dilini biliş derejesine baglylykda, 10%-den 50%-e çenli azaltmak mümkin” diýilýär – diýip, TASS habar berýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň sebit bölümlerinde konsullyk hyzmatlaryndan peýdalanmak bolar
25.03.2023
|15:08
|97
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan tassyklanan maglumata görä, konsullyk hyzmatlary, şol sanda raýatlaryň daşary ýurtlarda ulanmak üçin resminamalaryny kanunlaşdyrmak işi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň merkezi edarasyndan daşary DIM-iň welaýat bölümlerinde hem amala aşyrylýar.

«Remezan Çadyry» taslamasynyň çäginde Türkmenistanyň agşamy 13-nji aprelde bolar
25.03.2023
|12:09
|401
Moskwada «Remezan Çadyry» durmuş-medeni taslamasynyň dabaraly açylyşy boldy – diýip, taslamanyň resmi saýtynda habar berilýär. Bu ýyl çäre – «Halypalyk. Ýagşy görelde bol» şygary astynda geçer.

Türkmenistanda parlament saýlawlarynyň öňünden «ümsümlik güni» başlandy
25.03.2023
|12:06
|277
Türkmenistanda 26-njy martda geçiriljek nobatdaky parlament saýlawlarynyň öňüsyrasynda «ümsümlik güni» başlandy.

Türkmenbaşyda 100 orunlyk ýokanç keseller hassahanasynyň gurluşygyna girişiler
25.03.2023
|12:03
|217
100 orunlyk täze ýokanç keseller klinikasy Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde peýda bolar. Munuň üçin zerur bolan serişdeleri satyn almak barada Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň tender-bäsleşigini yglan etmek hakyndaky bildirişi «Türkmenistan» gazetinde çap edildi.

Elektronika dünýäsi Oraza aýy mynasybetli köne kir ýuwujy maşynlary gaýtadan işlemek boýunça aksiýanyň möhletini uzaltdy
25.03.2023
|10:00
|28
Mukaddes Oraza aýy mynasybetli Elektronika dünýäsi we «Berkarar» SDAM-däki Samsung dükanlary köne kir ýuwujy maşynlary gaýtadan işlemek boýunça aksiýany 20-nji aprele çenli uzaltdylar.

Baýden: Medeni hyzmatdaşlyk amerikan-türkmen gatnaşyklarynyň özenidir
25.03.2023
|00:18
|98
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Jozef Baýdeniň Nowruz baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ugradan gutlag hatynda: “Medeni hyzmatdaşlyk amerikan-türkmen gatnaşyklarynyň özenidir we biz Siziň ýurduňyzyň baý medeni mirasyna uly hormat goýýarys” – diýilýär.

GDA-nyň Baş sekretary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde gepleşikler geçirdi
24.03.2023
|23:40
|72
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew tarapyndan anna güni geçirilen gepleşiklerde Mejlisiň deputatlaryny we ýerli wekilçilikli edaralaryň agzalaryny saýlamaga taýýarlyk, GDA-nyň çäklerinde özara gatnaşyklar ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çapar goşundysy arkaly indi Türkmenistanyň edaralarynyň belgilerini gözläp bolýar
24.03.2023
|17:02
|373
Çapar goşundysynyň täzelenen görnüşinde Türkmenistanyň edaralarynyň telefon belgilerini gözlemek funksiýasy peýda boldy.

Tutuş Daşoguz welaýaty boýunça jemagat hojalygy ulgamyny döwrebaplaşdyrýarlar
24.03.2023
|15:32
|230
Daşoguz welaýatynyň häkimligi suw ýygnamak ulgamynyň, suw geçirijisiniň we lagymyň, lagym arassalaýjy desgalarynyň, şeýle hem suw, tok we gaz üpjünçiligi ulgamyny çekmek we gurmak barada tender-bäsleşigini yglan etdi – diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.