Iň täze habarlar

Aşgabatda BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň täze bellenen wekili bilen duşuşyk geçirildi

14.09.2024 | 10:35 |
 Aşgabatda BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň täze bellenen wekili bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Maksat Hudaýkulyýewiň Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça täze sebitleýin wekili Oliwer Ştolpe bilen duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi web sahypasynda habar berlişi ýaly, sözüniň başynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Oliwer Ştolpeni BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň Merkezi Aziýadaky sebitleýin wekili wezipesine bellenmegi bilen gutlady we onuň hünär tejribesi Türkmenistanyň we BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýolbaşçysy BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýagdaýyna, şol sanda BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň we Bütindünýä gümrük guramasynyň “Konteýnerli daşamalara gözegçilik etmek” Maksatnamasynyň çäginde alnyp barylýan işlere baha berdi.

Oliwer Ştolpe şu ýylyň 11-12-nji iýuny aralygynda Aşgabat şäherinde ady agzalanan maksatnamasynyň çäginde Sebitleýin Gümrük gulluklaryň ýolbaşçylarynyň 9-njy duşuşygyny guramakda beren ýardamy üçin Türkmenistanyň Hökümetine we Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyna minnetdarlyk bildirdi.

ORIENT news

Foto: customs.gov.tm

Şeýle hem okaň: