Pragada geçirilen ÝHHG-niň maslahatynda Türkmenistan TOPH taslamasynyň wajyplygyna ünsi çekdi
16.09.2024 | 23:35 |Türkmenistanyň wekiliýeti geçen hepde 12-13-nji sentýabrda Pragada geçirilen ÝHHG-niň 31-nji Ykdysady we ekologiýa maslahatyna gatnaşdy. “Sanly innowasiýalar arkaly ÝHHG sebitinde howpsuzlygy we durnuklylygy berkitmek, durnukly ösüşe we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmaga ýardam etmek” atly Maslahata ykdysady ösüş, sanly geçiş we howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin ÝHHG-niň agza-ýurtlarynyň, halkara guramalarynyň wekillerini hem-de bilermenleri birleşdirdi.
ÝHHG-de Türkmenistanyň hemişeki wekili, ilçi Hemra Amannazarowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti ýurduň ählumumy ykdysady we ekologiýa, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we durnukly ösüş, sanly innowasiýalar bilen bagly meseleleriniň bilelikde çözülişine ygrarlylygyny bildirdi diýip, Awstriýadaky türkmen diplomatik wekilhanasynyň saýtynda habar berilýär.
Ilçi “akylly şäheriň” sanlylaşdyrma we infrastruktura prosesslerini ösdürmek boýunça Türkmenistanyň tagallalary barada aýratyn belläp, häzirki zaman ösüş we sanly innowasiýalar ugrunda esasy milli başlangyjy hasaplanylýan täze Arkadag şäheriniň taslamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi barada aýratyn nygtap geçdi.
Şeýle-de ýakynda işe girizilen birnäçe möhüm infrastuktura taslamalarynyň, esasan hem, sebitde energiýa howpsuzlygynyň we ykdysady hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň daşynda jemlenen taslamalarynyň ähmiýeti barada bellenildi.
ÝHHG-niň maslahatynyň barşynda Türkmenistan, hususan-da, suw serişdelerini dolandyrmak we suw diplomatiýasy, energetika infrastrukturasynyň we oba hojalygy dolandyrmak usullarynyň durnuklylygy babatda sebit hyzmatdaşlygyna bolan ygrarlylygyny tassyklady.
Sanly innowasiýalar babatynda wekiliýet döwlet hyzmatlarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, sanly infrastukturasynyň kämilleşdirilmegine we ykdysadyýetde innowasiýalaryň ösdürilmegine gönükdirilne taslamalary öz içine alýan Türkmenistanyň sanlylaşdyrma boýunça milli meýilnamasyny ösdürmekde goldaw berendigi üçin ÝHHG-niň Sekretariatyna öz minnetdarlygyny bildirdiler.
ÝHHG sebitinde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge ygrarlylygyny açyp görkezýän ýurduň oňyn bitaraplyk halkara-hukuk ýagdaýynyň ähmiýetli orny barada aýratyn bellenildi.
ÝHHG-niň 31-nji Ykdysady we ekologiýa maslahaty agza-döwletlere konstruktiw dialogy alyp barmak, öňdebaryjy tejribe alyşmak hem-de ykdysady we ekologiýa hyzmatdaşlygy arkaly sebit howpsuzlygyny berkitmek boýunça anyk çözgütleriň işlenilip taýýarlanylmagy üçin meýdança öwrüldi.
ORIENT news