Habarlar
Türkmen wekiliýeti Erasmus+ maksatnamasynyň çäklerinde Finlýandiýada saparda boldular
11.09.2024
|10:51
|27
Ýewropanyň Bilim we Medeniýet baradaky ýerine ýetiriji agentliginiň (EACEA) Ýokary bilim reformasy boýunça bilermenleri goldamak we öňe sürmek (SPHERE) konsorsiumy bilen bilelikde Ýewropa Bileleşiginiň Erasmus+ maksatnamasynyň çäklerinde 2024-nji ýylyň 3-4-nji sentýabry aralygynda Finlýandiýa Respublikasynyň Tampere şäheriniň Amaly ylymlar uniwersitetinde “Innowasiýalary hem-de durnukly ekoulgamy häzirki döwürde we geljekde iş bilen üpjün etmek üçin uniwersitetler bilen senagatyň hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmek” atly okuw maslahaty geçirildi.
Türkmenistan mümkinçilikleri çäkli bolan çagalara ýardam bermekde halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär
11.09.2024
|10:19
|33
2024-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri bilen ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň halkara maýyplyk hukuklary boýunça ýörite geňeşçisi Sara Minkaranyň arasynda möhüm duşuşyk geçirildi.
Göreş boýunça geçirilen ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynda Türkmenistan ilkinji altyn medalyna eýe boldy
10.09.2024
|15:55
|89
18 ýaşly Alp Arslan Begenjow 20 ýaşa çenli göreşçileriň arasynda geçirilýän U-20 erkin göreş boýunça dünýä çempionatynda Türkmenistandan ilkinji bolup altyn medala eýe boldy. Ýaryş Ispaniýanyň Pontewedere şäherinde geçirildi.
BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça “Dostluk oýunlary” atly Kararnamany kabul etdi
10.09.2024
|14:12
|41
2024-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda BMG-niň Baş Assambleýasy 78-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça “Birleşen Milletler Guramasynyň Dostluk oýunlary” atly Kararnamany kabul etdi. Resminama BMG-niň ähli agza-ýurtlary tarapyndan biragyzdan goldanylyp, onuň awtordaşy bolup 87 ýurt çykyş etdi.
Türkmenistanda Howanyň üýtgemegi boýunça Çagalaryň milli maslahaty geçirildi
10.09.2024
|11:11
|59
2024-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda “Algoritm” okuw merkezi Howanyň üýtgemegi boýunça Çagalaryň milli maslahatynyň geçirilýän meýdançasyna öwrüldi.
Gucci we Balenciaga brendleriniň eýeleri bir günüň içinde 1 mlrd ýewro girdejisini ýitirdi
10.09.2024
|10:22
|25
9-njy sentýabrda geçirilen söwdalaşyklarynyň dowamynda Gucci, Yves Saint Laurent, Bottega Veneta, Balenciaga we beýleki modalar öýlerini dolandyrýan “Kering” fransuz kompaniýalar toparynyň paýnamalary 4,36%, bir san üçin 225,95 ýewro çenli pese düşdi.
Aşgabatda Türkmenistanyň Maýa goýum maslahaty öz işine başlady
10.09.2024
|09:42
|93
Aşgabatda Türkmenistanyň Maýa goýum maslahaty hem-de Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahaty we sergisi öz işine başlady.
Polşa daşary ýurtlardan gelýän ýük daşalyşlary üçin elektron gözegçiligini girizýär
09.09.2024
|16:04
|57
Polşanyň hökümeti Ýewropa Bileleşigine girmeýän ýurtlarlardan gelýän ýük daşalyşlary üçin hökmany elektron bellige alnyş ulgamyny girizýär. Bu barada respublikanyň wise-premýeri we Milli goranmak ministri Wladislaw Kosinýak-Kamyş žurnalistlere habar berdi.
TDHÇMB-da söwdalaşyklar: geçen hepde 10 sany geleşik bellige alyndy
09.09.2024
|12:58
|43
Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda 10 sany geleşik bellige alyndy.
Astrahanda Halkara dostluk kluby açyldy
09.09.2024
|12:20
|134
Astrahanda öz işini tamamlanan “БерегА” Halkara okuw maslahatynyň çäklerinde Halkara dostluk kluby açyldy.