Iň täze habarlar

“Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanda ýaşyl ösüş üçin” täze GIZ başlangyjy öz işine başlady

16.09.2024 | 19:40 |
 “Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanda ýaşyl ösüş üçin” täze GIZ başlangyjy öz işine başlady

13-nji sentýabrda Aşgabatda Ýewropa Bileleşigi we Germaniýanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan maliýeleşdirilýän “Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanda ýaşyl ösüş boýunça: Syýasy dialog we 2024-2028-nji ýyllarda howanyň üýtgemegine garşy gönükdirilen çäreler” atly täze GIZ taslamasy resmi ýagdaýda işe girizildi. Taslamanyň işe başlamagynyň öňüsyrasynda, ýagny şu ýylyň maý aýynda Tükmenistanyň Energetika ministrliginiň, “Türkmengaz” döwlet konserniniň hem-de GIZ-iň arasynda özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk boýunça Ähtnama gol çekildi. Şol gün, Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenen pursatlarynda, taraplar energetika, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly syýasaty babatynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ylalaşdylar.

16092024-proekt-giz-es-za-zelenoe-razvitie-turkmenistana (1).jpg

“Arçabil” myhmanhanasynda geçirilen başlangyç duşuşygynda Taraplaryň Ähtnamasyna gatnaşýan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Aşgabatda Ýewropa Bileleşiginiň, Germaniýanyň ilçihanasynyň we ösüş boýunça halkara hyzmatdaşlarynyň wekilleri ýygnanyşdylar.

Utgaşdyryjy komitet tarapyndan tassyklanan tehniki wezipelerine laýyklykdaky täze ikitaraplaýyn maksatnama gol çekilen resminamanyň durmuşa geçirilmegine, hususan-da, Ýewropa Bileleşiginiň öňdebaryjy halkara tejribesini we standartlaryny ulanmak bilen “ýaşyl” durnukly ösüş babatynda Türkmenistanyň hereketlerini goldamaga gönükdirilendir.

imgonline-com-ua-2to1-vffnVrl6cuJTWII.jpg

Taslamanyň ýolbaşçysy we “Ýaşyl Merkezi Aziýa” Germaniýanyň DIM-niň Başlangyjynyň müdiri hanym Karolina Milow täze taslama bilen tanyşdyryp, onuň esasy alyp barjak işi energiýanyň täzeden dikeldilýän çeşmelerini ösdürmek we metan/parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak bilen energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak babatynda ÝB-niň we Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň arasynda netijlei dialogyň ýola goýulmagyna gönükdirilendigi barada belledi.

Taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň indiki ileri tutulýan ugry Ýewropanyň iň täze tehnologiýalaryna we tejribelerine laýyklykda howanyň üýtgemegine uýgunlaşmakda zerur bolan çäreleri, şol sanda hukuk çärelerini işläp taýýarlamak boýunça döwlet edaralarynyň kuwwatyny ýokarlandyrmak bolup durýar.

16092024-proekt-giz-es-za-zelenoe-razvitie-turkmenistana (7).jpg

Öňde goýlan maksatlara ýetmekde taslamany durmuşa geçirmek boýunça işläp taýýarlamalaryň mazmunyny we çäreleriň gurnalyşyny goldajak Klaustal tehnologiýa uniwersiteti we Galla-Wittenbergdaky Martin Lýuter Uniwersiteti (Germaniýa) tarapydan dolandyrylýan Durnukly innowasiýalaryň Merkezi Aziýa býurosy (CASIB) ýaly hyzmatadaşlaryň çekilmegi meýilleşdirilýär.

Mundan başga-da, taslamanyň çäklerinde “Türkmenistanda 2030 ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça Milli strategiýasy” hem-de “Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasy” ýaly milli maksatnamalaryň we strategiýalaryň durmuşa geçirilmegini goldamak boýunça hyzmatdaşlaryň işjeň gatnaşyklary meýilleşdirilýär. Hususan-da, ekoulgamlar we tokaý hojalygy, işgärleriň taýýarlanylyşy we habarlylygyň ýokarlandyrylmagy göz öňünde tutulan.

imgonline-com-ua-2to1-7dTWzFJ8Ju.jpg

Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmak, energiýany saklamak we ýüze çykarmak, metan zyňyndylaryna gözegçilik etmek we olary azaltmak boýunça okuwlara degişli uýgunlaşma çäreleri bilen tanyşdyrýan iki sany synag taslamalar hödürlenildi. Hödürlenen synag taslamalar “Türkmengaz” Döwlet konserni we Türkmenistanyň döwlet energetika instituty bilen bilelikde durmuşa geçiriler.

Taraplar bilelikdäki tagallalaryň taslamanyň öňde goýan maksatlaryna ýetmekde, onuň öz gezeginde sebitde we dünýäde howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ýaramaz täsirlerini aradan aýyrmakda ýardam etjekdigine ynam bildirdiler diýip, GIZ-iň habarynda bellenilýär.

16092024-proekt-giz-es-za-zelenoe-razvitie-turkmenistana (8).jpg


"Deutsche Gesellschaft für Internationale Zusammenarbeit GmbH", gysgaça GIZ, Germaniýanyň esasy ösüş agentligi hasaplanylýar. Onuň ştab-kwartiralary Bonnda we Eşbornda ýerleşip, ol ösüş we halkara okuw işi maksatlary bilen halkara hyzmatdaşlyk babatynda hyzmatlary hödürleýär.

ORIENT news

Foto: GIZ

Şeýle hem okaň: