Iň täze habarlar

Tbilisidäki Magtymguly Pyragy adyndaky auditoriýasynda ilkinji dabara geçirildi

17.09.2024 | 14:30 |
 Tbilisidäki Magtymguly Pyragy adyndaky auditoriýasynda ilkinji dabara geçirildi

Ýakynda Suhumi döwlet uniwersitetinde açylan Magtymguly Pyragy adyndaky auditoriýasynda ilkinji dabara – türkmen halkynyň beýik şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanylyp tegelel stol gepleşigi geçirildi.

Dabara Türkmenistanyň we Gruziýanyň ylym we medeniýet pudaklarynyň wekilleri, syýasaty öwrenijiler we žurnalistler gatnaşdy.

Dabara gatnaşyjylar iki halkyň arasynda medeni, ynsanperwer dialogyny, dosltukly gatnaşyklary we özara düşünişmegi berkitmegiň çäklerinde Magtymguly Pyragy adyndaky auditoriýasynyň açylmagynyň wajyplylygy barada belläp geçdiler.

Gatnaşyjylar türkmen we gruzin halklarynyň ýakynlaşmagyna, olaryň medeni we taryhy mirasynyň wagyz edilmegine mümkinçilik berjek bilelikdäki medeni we ylmy çärelerini geçirmek üçin auditoriýanyň ajaýyp meýdança öwrüljekdigine ynam bildirdiler.

17092024-v-auditorii-mahtumkuli-v-tbilisi- (2).jpg

Gruzin telewideniýesiniň “Obýektiw” teleýaýlymy bu dabarany dolulygyna görkezip, “Türkmenistan” we “Ýaşlyk” teleýaýlymlary bolsa türkmen telewideniýesi üçin bu dabara barada habarlary taýýarladylar.

ORIENT news

Foto: Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy tarapyndan berlen

Şeýle hem okaň: