Wolwaç: Hazar deňzinde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk Russiýa üçin uly ähmiýete eýedir
11.09.2024 | 02:40 |2024-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda özara söwdanyň möçberi 2023-nji ýylyň şu döwri bilen deňeşdirilende pul görkezijisi boýunça 73,5 % artdyryldy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Ykdysady ösüş ministri Dmitriý Wolwaç habar berdi.
“Ýylyň başyndan eýýäm biz 700 mln $ söwda amala aşyrdyk, bu ýerde hem importuň, hem eksportuň ösdürilýändigini bellemelidir. Özara söwdanyň nomenklaturalary kynlaşýar, ýokary derejeli harytlaryň orny ýokarlanýar” – diýip, ol Türkmenistanyň halkara maýa goýum maslahatynda (TIF-2024) belledi, diýip, “TASS” habar berýär.
Wolwaç geçen ýyl Russiýa Federasiýasynyň premýer-ministri Mihail Mişustinyň Aşgabada saparynyň dowamynda geçirilen birinji rus-türkmen işewürlik maslahaty barada ýatlatdy: “Şol maslahatyň geçirilmegi bilen biz ýurtlarymyzyň arasyndaky entek doly işjeňleşdirmedik maýa goýum we söwda mümkinçiliklerini ulanyp başladyk. Sebäbi Türkmenistanyň eksportuny diwersifikasiýalaşdyrmak wezipesi biziň türkmen himiýa önümleriniň, oba hojalyk we dokma senagat önümleriniň getirilmegini artdyrmak islegimize gabat gelýär”.
Wolwaçyň pikirine görä, Türkmenistanda güýçli depginde alnyp barylýan iri infrastruktura taslamalarynda Russiýa Federasiýasynyň getirmäge taýýar önümlerine isleg bildirilýär. Muňa demir ýol göçme düzüminiň parkynyň durkunyň täzelenmegi, gaz-ualg ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy, täze ýollaryň gurulmagy we beýlekiler degişlidir.
Häzirki wagtda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça rus-türkmen hökümetara komissiýasynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegine taýýarlanylýar diýip, Wolwaç belledi. “Häzirki wagtda biziň ýurtlarymyzyň hökümtleriniň ýerine ýetirmeli işleri örän köp. Ýakyn wagtda Hökümetara komissiýasynyň başlyklary – Alekseý Owerçuk we Raşid Meredow duşuşarlar hem-de çäräniň geçiriljek wagty we formaty barada gutarnykly ylalaşarlar diýip, pikir edýärin” – diýip, ol TASS-yň soragyna jogap berip, žurnalistlere habar berdi.
“Türkmenistanyň çäginde Ýewraziýanyň esasy ulag ugurlary kesişýär, bu bolsa Merkezi Aziýa we Hazar sebitleriniň ýurtlarynyň arasynda ulag-logistika gatnaşyklarynyň güýçli depginde ösdürilmegine ýol açýar. Bu sebäpli hem, biz demir we awto ýollarynyň serhet geçişlerini giňeltmek, demir ýollaryny döwrebaplaşdyrmak we portlaryň, esasan hem Hazar deňzindäkileriň doly ýüklenmesi boýunça işleriň dowam etdirilmegine bil baglaýarys” – diýip, aýtdy.
Ol Russiýa üçin Hazar deňzinde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy uly ähmiýete eýedigini aýtdy. “Hazar klasteriň “Lotos” port Ýörite ykdysady zolagynda Türkmenistanyň logistik merkeziniň taslamasynyň doly görnüşde işe girizilmegine biz gyzyklanma bildirýäris. Bu baradaky ylalaşyklara 2023-nji ýylda geçirilen rus-türkmen işewürlik maslahatynda ýetildi” – dýip, Wolwaç belledi.
TIF-2024 Aşgabatda 10-11-nji sentýabr aralygynda geçirilýär. Gurnaýjylar hökmünde Türkmenistanyň Maliýe ministrligi, Daşary işler ministrligi hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasy çykyş edýär. Maslahatyň maksady Hazar deňziniň uglewodord serişdelerine hem-de iri gaz käni bolan “Galkynyş” gaz känine halkara maýa goýumlarynyň çekilmegi bolup durýar. Olaryň arasynda TOPH gaz geçirijisi, gaz himiýasy, elektrik energiýasy, gurluşyk, dokma we ulag, “akylly” oba hojalyk we suwuň netijeli peýdalanylyşy ýaly ugurlar bar.
ORIENT news