Iň täze habarlar

TDHÇMB-de söwdalaşyklar: ýeňil senagat we nebit himiýasy önümlerine isleg bildirildi

11.09.2024 | 08:45 |
 TDHÇMB-de söwdalaşyklar: ýeňil senagat we nebit himiýasy önümlerine isleg bildirildi

10-njy sentýabrda, sişenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda ýeñil senagat we nebit himiýasy önümlerine isleg bildirildi.

Birleşen Arap Emirlikleriniň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Päkistanyň, Owganystanyň, Türkiýeniň telekeçileri suwaldylan gazy, A-92 awtobenzinini "TC-1" awiasiýa nebitini, "CH-180", "CH-350", "CH-600" baza yagy ýaly önümlerini satyn almak üçin "Türkmennebit" Döwlet konserni bilen geleşikleri ylalaşdylar.

"Türkmenhimiýa" Döwlet konserninden bolsa olar "ECO 93" awtobenzinini satyn aldylar.

Hytaýyň we Gazagystanyň işewürleri arassalanan nah galyndylaryny we erkek jalbarlaryny satyn almak üçin türkmen telekeçileri bilen geleşikleri ylalaşdylar.

Türkmenistanyň işewürleri türkmen kärhanalaryndan tekiz boýalan we žakkard ýumşak önümlerini hem-de nah ýüplükleri satyn aldylar.

Söwdalaşyklaryň dowamynda 20 geleşik ylalaşylyp, olaryñ jemi bahasy 33 422 963 amerikan dollaryna, 2 840 850 manada barabar boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar barada şu salgyda tanşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: