Iň täze habarlar

TDHÇMB-da söwdalaşyklar: “Türkmennebit” Döwlet konserniniň önümlerine uly isleg bildirildi

05.10.2024 | 08:25 |
 TDHÇMB-da söwdalaşyklar: “Türkmennebit” Döwlet konserniniň önümlerine uly isleg bildirildi

4-nji oktýabrda, anna güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda “Türkmennebit” Döwlet konserniniň önümlerine uly isleg bildirildi.

Türkmenistanyň işewürleri “ТПП Д 30 С” markaly polipropileni satyn almak üçin Konsern bilen geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň netijesinde umumy bahasy 4 000 000 manada barabar bolan 2 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky kesilen nyrhlar barada şu salgyda tanyşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: