SLB - "OGT-2024" XXIX Halkara maslahatynyñ we sergisiniñ bürünç hyzmatdaşy
03.10.2024 | 17:55 |Soñky birnäçe ýyllaryñ içinde energetika pudagy ählumumy üýtgeşmeleri başdan geçirýär: howanyñ üýtgemegine garşy göreşiñ çäginde köp ýurtlar "ýaşyl" energiýany saýlap alýarlar. Energiýanyñ täzeden dikeldilýän çeşmelerine geçmeklik durnukly ösüş ýolunda möhüm ädim boldy. Munuñ bilen baglylykda, howanyñ üýtgemegi we metan zyñyndylaryny peseltmek meseleleri Türkmenistanda geçirilýän halkara energetika maslahatlarynyñ üns merkezinde bolýar.
2024-nji ýylyñ 23-25-nji oktýabr aralygynda "Türkmenistanyñ nebiti we gazy" (OGT-2024) atly XXIX Halkara maslahaty we sergisi geçiriler. Çäre tejribe alyşmagyñ, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyñ pugtalandyrylmagynyñ hem-de nebit-gaz pudagynda strategiýalaryñ işlenilip taýýarlanylmagynyñ meýdançasy hökmünde çykyş edýär. Bu sebit we halkara derejesindäki waka bolup, nebit-gaz taslamalarynyñ durmuşa geçirilmegi we bu babatda halkara hyzmatdaşlygyñ berkidilmegi bilen baglanyşykly wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin ýokary wezipeli ýolbaşçylary ýygnar.
Maslahata gatnaşyjylar ileri tutulýan taslamalary we Türkmenistanyñ nebit-gaz pudagyna maýa goýum ugurlary barada döwrebap maglumatlary alyp bilerler. SLB kompaniýasy (ozal Schlumberger ady bilen tanalýardy) dünýäde energetika pudagy üçin tehnologiýalaryñ we hyzmatlaryñ iñ iri üpjün edijileriniñ biridir. SLB öz taryhyna ylmy-barlaglardan başlap, tehnologiýa ösüşine bolan ygrarlylygy kompaniýanyñ esasy gymmatlyklarynyñ biri bolmagynda galýar. SLB pudakda harytlaryñ we hyzmatlaryñ iñ giñ görnüşlerini hödürleýär - geologiýa gözleg işlerinden we gazylyp alynanlarynyñ dolandyryşyndan önümçilik aýlanyşygynyñ ähli tapgyrlaryny öz içine alýan toplumlaýyn çözgütlere çenli, uglewodorodlaryñ gazylyp alynyşyny ösdürmek we ýataklary netijeli dolandyrmak üçin plastdan turba geçirijilerine çenli.
Mundan başga-da energiýa bolan ählumumy islege we energiýanyñ täze çeşmelerine geçmeklige jogap hökmünde Schlumberger kompaniýasy 2022-nji ýylyñ 24-nji oktýabrynda adyny "SLB" adyna çalyşyp, täze aýrybaşgalygyny açyp görkezmek bilen energetika başlangyçlaryna we dekarbonizasiýa ygrarlylygyny tassyklady. Bu öwrülişik iri nebit hyzmatlary kompaniýasyndan dünýaniñ durnukly ösüşi üçin energetika innowasiýalarynyñ ösdürilmegine gönükdirilen ählumumy tehnologiýa kompaniýasyna geçişi añladýar. SLB bu meseläni tehnologiýa we öndürijilik boýunça toplan baý tejribesi bilen çözmäge taýýar.
Merkezi Aziýada 30 ýyldan gowrak iş alyp barmak bilen, SLB bazarda iri, garaşsyz gatnaşyjy derejesine çenli ösüp, müşderilere geologiýa gözleg işlerinde, buraw işlerinde we uglewodorodlaryñ gazylyp alynyşyna gözegçilik etmek işinde ýokary hilli hyzmatlary teklip edýär. Türkmenistanda SLB 1993-nji ýylda öz işine başlap, şol döwürden bäri kompaniýa Galkynyş, Uzynada, Goturdepe, Çeleken we Burun ýaly ýurduñ geljegi uly bolan ýataklarynda üstünlikli iş alyp barýar.
Hazar sebitinde SLB kompaniýasy birnäçe tehnologiýalary ornaşdyrdy. Olar:
SandView – buraw guýysyna çägäniň düşmegini anyklamak we onuň debitini ölçemek üçin tehnologiýa. Onuň bir sekuntda 1500-e çenli çäge dänelerini ýüze çykarmaga we hakyky wagt ýagdaýynda intellektual derňew arkaly bölejikleriň ölçeglerini kesgitlemäge mümkinçiligi bar.
Grawitasiýa doldurmasy – buraw guýysynyň işledişiniň dowamynda çägäniň çykarylmagynyň öňüni alýan hem-de onuň öndürijiligini ýokarlandyrýan tehnologiýa. Bu tehnologiýa perforasiýa deşikleriniň çäge bilen dykylmagynyň, buraw guýysynyň eroziýasynyň we zaýalanmagynyň öňüni almaga ýardam berýär.
Premium Port – ätiýaçlyk gorlarynyň dürli böleklerinden gelýän akymlary dolandyrmagyň tehnologiýasy.
Catenary Coiled Tubing Intervention – meýdançada buraw desgasyny ornaşdyrmazdan buraw guýysynda işleri alyp barmaga mümkinçilik berýän tehnologiýa.
Plastlaryň suw bilen berkliginiň barlanylmagy – ýataklardan nebiti çykaryp almagyň görkezijisini ýokarlandyrmak üçin geljegi uly bolan tehnologiýa.
HFND ýokary mümkinçilikli spektral ýokary sesleri ölçeýiji – kär-geofizika barlaglaryny geçirmek üçin toplum bölegi. Ol hakyky wagt ýagdaýynda ýazgy etmäge mümkinçilik berip, pürsara basyşlarynyň, dökülmeleriň araçäkleriniň sebäplerini kesgitlemäge we kär-geofizika barlaglary geçirilende has möhüm meseleleri çözmäge ýardam berýär.
Epilogue – hem birinji, hem ikinji gyra pürsleriniň arka taraplarynyň sementleşdirmegiň hilini bahalandyrmak üçin özboluşly toplum. Neýroawtonom çözgütler – ýokary üst bilen buraw guýysynyň arasynda garşy baglanyşygynyň üznüksiz aýlanyşygyny döredýän birikdirilen intellektual ulagmlar bilen SLB tejribesiniň sazlaşygy.
TruLink Definitive – buraw işiniň dowamynda dinamiki derňewler tehnologiýasy bolup, ol buraw desgasynda derňew üçin zerur wagty nol derejä çenli peseldýär. Ol üznüksiz gutarnykly derňew işini geçirmäge mümkinçilik berip, buraw desgasyny oturtmagyň wagtyny gysgaltmaga we CO2 zyňyndylaryny azaltmaga ýardam berýär.
Elektrik merkezden daşlaşýan sorujylar (EMDS) – ýokary netijeli we ygtybarly enjam bolup, pes plast basyşly ýataklardan nebiti çykaryp almagyň görkezijisini ýokarlandyrymaga mümkinçilik berýär.
Mundan başga-da, SLB sementleşdirmegiň dowamynda ýokary hilli zonal izolýasiýa üçin niýetlenen CemFIT Heal ýaly öňdebaryjy tehnologiýalaryny hödürledi.
CemFIT Heal – ýokary çeýelikli we öz-özünden dikeldilýän häsiýetli sement ulgamy bolup, burawdan başlap gutarmasyna çenli guýynyň bitewiligini üpjün etmäge ýardam berip, uglewodorod dökülmelerinden germetikligi we goraglylygy üpjün edýär. Şeýle-de ol pürsara basyşynyň döremeginiň öňüni alýar.
Goşmaça, bu tehnologiýa buraw guýylarynyň gurluşygynyň doamynda uglerod yzlaryny peseldýär.
Dünýäniň 120-den gowrak ýurtlaryna alyp barýan iş tejribesine esaslanyp, SLB kompaniýasy daşky gurşawy goramak işewürligiň üstünliginiň esasy faktorydygyna düşünýär. Ekologiýa jogapkärçiligi we durmuş meselelerine çekmek kompaniýanyň strategiýasynyň esasy düzüm bölekleridir.
SLB daşky gurşawa ýetirilýän ýaramaz täsiri azaltmak boýunça başlangyçlary işjeň durmuşa geçirýär. Muňa energiýa sarp etmegini azaltmak, suw tygşytlamak we parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça maksatnamalar degişlidir.
Bu çäreler kompaniýa tebigy serişdeleri gorap saklamaga we maliýe çykdajylary dolandyrmaga ýardam berýär. Kompaniýa bütin dünýäde, şol sanda Türkmenistanda ýerleşdirilen desgalarynda energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ulanýar.
Meselem, ýerli desgalarynyň birinde özboluşly energiýa tgşytlaýjy maskatnamasy durmuşa geçirildi – gün panelleriniň ornaşydyrlmagy, 2021-nji ýylda olar işe girizildi. SLB daşky gurşawa bolan aýawly gatnaşygynň wajyplylygyna doly düşünýär we öz hünärmenlerini ekologiýa çärelerine işjeň çekip, ýaş nesle tebigy serişdeleri gorap saklamak boýunça tejribelerini geçirýär. Şeýle başlangyçlaryň tagallasy bilen SLB ähli gyzyklanýan taraplar üçin has howpsuz we özüne çekiji bolýar.
“OGT-2024” Maslahatyna SLB kompaniýasynyň gatnaşmagy ýerli we halkara energetika kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmekde nobatdaky ädim bolar. Häzirki wagtda foruma gatnaşmak üçin 33 ýyrtdan 200-den gowrak wekil bellige alyndy.
Giňişleýin maglumatlar bilen çäräniň saýtynda tanyşyp bilersiňiz: www.ogt-turkmenistan.com
ORIENT news