Iň täze habarlar

Aşgabat Buenos-Aýrese türkmen-argentin işewürlik forumyny guramany teklip etdi

04.10.2024 | 15:40 |
 Aşgabat Buenos-Aýrese türkmen-argentin işewürlik forumyny guramany teklip etdi

3-nji oktýabrda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň düzüm bölümleriniň ýolbaşçylarynyň derejesinde Türkmenistan bilen Argentina Respublikasynyň arasynda üçinji syýasy geňeşmeleri geçirildi.

Duşuşykda taraplar söwda, ykdysadyýet, bilim, medeniýet we syýahatçylyk ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna baha berdiler we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar Birleşen Milletler Guramasy ýaly halkara guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar we özara gatnaşyklaryň täze ugurlaryny öwrenmek üçin açyk gepleşikleri geçirmäge meýillidiklerini mälim etdiler diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habarynda aýdylýar.

Şeýle-de geňeşmeleriň dowamynda taraplar medeni alyşmalar meselelerini, şol sanda iki ýurduň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin bilelikdäki çäreleri we maksatnamalary guramak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen tarapy indiki syýasy geňeşmeleri geçirmegi, şeýle hem 2025-nji ýylda Aşgabatda türkmen-argentin işewürlik forumyny gurmagy teklip etdi. Şol bir wagtyň özünde iki ýurduň arasynda parlamentara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek teklip edildi.

Ýokarda beýan edilen teklipler Argentina Respublikasynyň wekiliýeti tarapynyň oňyn seslenmesine eýe boldy diýip, diplomatik gullugynyň habarynda bellenilýär.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: