Bişkekde Magtymguly Pyragynyň gyrgyz dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
04.10.2024 | 01:25 |Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysy gyrgyz diline terjime edildi. Kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy Bişkekde 3-nji oktýabrda “Gündogar şygyryýetiniň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy” atly maslahatyň çäginde geçirildi. Çärä Gyrgyzystan Respublikasynda Türkmenistanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi N.Golliýew gatnaşdy.
Şeýle-de maslahat Gyrgyzystan Respublikasynyň medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty, bilim we ylym ministrleriniň orunbasarlaryny, Bişkegyň meşhur ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryny, döredijilik intelligensiýasyny we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini bir ara ýygnady.
Çykyş edenler beýik akyldaryň we şahyryň mirasyna bagyşlanan intellektual duşuşygyna öwrülen bu wakanyň ähmiýeti barada aýratyn belläp geçdiler. Maslahata gatnaşyjylar Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilýän 2024-nji ýyl edebiýatyň ösmeginiň esasyny düzen şahyryň döredijiliginiň düýpli öwrenilmegi üçin mümkinçilik bolandygyny bellediler.
Ilçi N.Golliýew maslahatda çykyş edip, Magtymguly Pyragynyň türkmen nusgawy edebiýatynyň esaslandyryjysy hökmündäki ähmiýeti barada aýratyn belläp, onuň edebi mirasynyň dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolandygy barada nygtap geçdi.
Çäräniň çäginde Magtymguly Pyragynyň goşgusyna düzülen täze “At-Kerek” gyrgyz dilindäki aýdym ýerine ýetirildi, onuň sazyny düzen kompozitor, publisist we Gyrgyzystan Respublikasynyň halk artisti T.Kazakow. Mundan başga-da, “Magtymguly Tandamalar” atly ýygyndynyň tanyşdyrylyş dabarasynda şahyryň goşgularynyň gyrgyz diline terjime edilmegi gyrgyz halkynyň arasynda beýik şahyryň döredijiliginiň wagyz edilmegine, onuň zehininiň çuňlugynyň we özboluşlylygynyň açylmagyna, şeýle-de ýurtlaryň arasynda medeni dialogyň pugtalandyrylmagyna mümkinçilik berýändigi barada bellenildi.
ORIENT news