Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrini wezipesine girişmegi mynasybetli gutlady

03.10.2024 | 00:50 |
 Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrini wezipesine girişmegi mynasybetli gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň täze Premýer-ministri Sigeru Isiba wezipesine girişmegi mynasybetli gutlaglaryny iberdi.Türkmenistanyň Prezidenti gutlag hatynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky özara düşünişmek, deňhukuklylyk, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Prezident Berdimuhamedow, Premýer-ministr Sigeru Isiba berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Ýaponiýanyň gülläp ösmegine gönükdirilen başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdi diýp, TDH-nyň habarynda aýdylýar.

1-nji oktýabrda Tokioda Ýaponiýanyň täze Premýer-ministri Sigeru Isiba hökümetiň ýakyn wagtda alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary hödürledi. Esasy ileri tutulýan ugurlar içerki işler, ykdysadyýet, durmuş üpjünçiligi, milli howpsuzlyk, goranmak we diplomatiýa ýaly bäş sütüne esaslanýar.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: