Iň täze habarlar

Interneti dolandyrmak boýunça ählumumy maslahaty-2024 emeli aň tehnologiýalaryna gönükdiriler

02.10.2024 | 15:45 |
 Interneti dolandyrmak boýunça ählumumy maslahaty-2024 emeli aň tehnologiýalaryna gönükdiriler

19-22-nji noýabr aralygynda Hytaýyň Çžeszýan gündogar welaýatynda ýerleşen Uçžen şäherinde Interneti dolandyrmak boýunça ählumumy maslahaty (WIC-2024) geçiriler. Çäre emeli aň tehnologiýalaryna gönükdirilip, “Adamlara gönükdirilen sanly geljek we bähbit üçin emeli aň – kiber giňişliginde umumy geljegi bolan bileleşigiň döredilmegi” atly mowzuga bagyşlanar.

Bu ýyl sammitiň guramaçylary ählumumy internet-sektorynyň ösüşine ähmiýetli goşandyny goşan şahslara we kärhanalara gowşuryljak baýragy bilen tanyşdyrarlar, şeýle-de Emeli aň boýunça ýöriteleşdirilen komitet döredilip, WIC Sanly akademiýasy işläp başlar.

Sammit 24 sany kiçi formatly maslahatlary öz içine alyp, olarda sanly we ýaşyl ösüş boýunça hyzmatdaşlyk, sanly ykdysadyýet, maglumatlary dolandyrmak, kiber giňişliginde kanunyň başda durmaklygy, innowasiýa we emeli aňy dolandyrmak, kiber howpsuzlygy üpjün etmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

ORIENT news

Foto: coingeek.com

Şeýle hem okaň: