Iň täze habarlar

Hytaý respublikanyň döredilmeginiň 75 ýyllygyny belleýär

30.09.2024 | 15:49 |
 Hytaý respublikanyň döredilmeginiň 75 ýyllygyny belleýär

1-nji oktýabrda Hytaýda Hytaý Halk Respublikasynyň döredilen gününi belleýärler. Bu ýyl respublikanyň döredilen gününiň 75 ýyllygy bellenilýär.

Hytaý Halk Respublikasynyň döredilen güni – bu esasy döwlet baýramçylygy bolup, ol 1949-njy ýyldan başlap her ýyl bellenilip gelinýär.

Baýramçylyk güni Pekinyň baş meýdançasynda (Týananmen) HHR-iň Döwlet baýdagy galdyrylýar. Hut şu meýdançada 1949-njy ýylda Hytaýyň Kommunistik Partiýasynyň lideri Mao Szedun Hytaý Halk Respublikasynyň döredilendigi barada yglan etdi.

Häzirki wagtda bu baýrmaçylygyň başga atlary hem bar. Ol “1-nji oktýabr mynasybetli uzak dynç alyş” ýa-da “Altyn hepde” diýlip atlandyrylýar, sebäbi dabaraly çäreler we baýramçylyklar 8-nji oktýabra çenli dowam edýär!

Häzirki wagtda hytaý halky üçin bu möhüm baýramçylyk hasaplanylýar. Dabaranyň geçirilýän günlerinde Hytaýyň ähli şäherleriniň köçeleri gyzyl baýdaklar, hytaý çyrajyklary we janly güllerden ýasalan ägirt uly kompozisiýalar bilen bezelip, dabaraly saz we feýerwerkler bilen utgaşdyrylan köpçülikleýin halk gezelençler geçirilýär.

Ýekşenbe güni Pekindäki Halk mejlisler öýünde Hytaý Halk Respublikasynyň döredilmeginiň 75 ýyllygynyň şanyna konsert geçirildi.

Oňa HHR-iň Başlygy Si Szinpin, Hytaýyň beýleki partiýa we döwlet ýolbaşçylary gatnaşdy.

Özgertmeler we açyklygyň syýasatynyň geçirilmegi bilen Hytaý dünýäde iri senagat öndürijileriniň birine, iri söwda ýurduna, iri walýuta gorlary bolan we ykdysadyýet boýunça ikinji ýerde duran ýurda öwrülip, uzakmöhletleýin durmuş durnuklylygy bilen çalt depginli ykdysady ösüşiniň täsinligini amala aşyrmagy başardy.

ORIENT news

Foto: sportedu.by

Şeýle hem okaň: