Iň täze habarlar

Türkmenistanda BMG-niň ÝYK-niň we BSG-niň suw üpjünçiligini, sanitariýany, gigiýenany we saglygy gowulandyrmak boýunça täze taslamasyna badalga berildi

03.10.2024 | 16:32 |
 Türkmenistanda BMG-niň ÝYK-niň we BSG-niň suw üpjünçiligini, sanitariýany, gigiýenany we saglygy gowulandyrmak boýunça täze taslamasyna badalga berildi

Türkmenistanda BMG-niň Ýewropanyň ykdysady komissiýasynyň we BSG-niň Ýewropanyň sebit býurosynyň “Suw we saglyk meseleleri boýunça Protokolyň işiniň maksatnamasyny durmuşa geçirmek arkaly suw üpjünçiligini, sanitariýany, gigiýenany we saglygy gowulandyrmak” boýunça täze taslamasyna badalga berildi.

Dabara saglygy goraýyş, suw üpjünçiligi, daşky gurşawy goramak ýaly dürli ugurlardaky bilermenler gatnaşdy.

Gatnaşyjylar taslamanyň durmuşa geçirilmegi babatda çäreleri we onuň gutarnykly netijesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle-de dabara gatnaşyjylar suw üpjünçilik, sanitariýa we gigiýena ulgamyndaky häzirki ýagdaýa garadylar.

Bu bilelikdäki tagallalar Ýewropa sebitiniň beýleki ýurtlarynyň nusgalaryny ulanmak bilen Suw we saglyk meseleleri boýunça Protokolyň çäginde pudagara maksatlarynyň netijeli ýola goýulmagy barada maslahatlaşmaga şert döredýär.

ORIENT news

Foto: instagram.com/who_turkmenistan

Şeýle hem okaň: