Iň täze habarlar

Türkmenistanda Kent döwlet uniwersitetiniň şahamçasynyň açylmagy göz öňünde tutulýar

03.10.2024 | 12:32 |
 Türkmenistanda Kent döwlet uniwersitetiniň şahamçasynyň açylmagy göz öňünde tutulýar

Türkmenistanda Kent döwlet uniwersitetiniň şahamçasyny açmak mümkinçiligi bilim ministriň orunbasary Azat Ataýewiň we agzalan amerikan ýokary okuw mekdebiniň rektory Todd Dýakonyň arasynda geçirilen duşuşygyň dowamynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen tarapy ýol kartasynyň taslamasyny taýýarlady. Saparyň çäginde taraplar bu wajyp başlangyjyň ähli ugurlaryny jikme-jik işläp taýýarlamakçy.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň habar berişi ýaly, ABŞ-nyň Ogaýo ştatynyň Kent şäherine amala aşyrylan saparyň dowamynda özara düşünişmek barada üç Ähtnama gol çekildi – Kent döwlet uniwersiteti bilen Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklar institutynyň hem-de Türkmen döwlet binagärçilik we gurluşyk institutynyň arasynda.

Ylalaşyklar akademik maksatnamalarynyň giňeldilmegine, bilelikdäki bilim we ylym başlangyçlarynyň döredilmegine, şeýle-de ýurtlaryň arasynda medeni hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir. Türkmenistanyň wekilleri saparyň dowamynda beýik akyldar we şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäräni guramak mümkinçiligi üçin hem öz minnetdarlygyny bildirdiler.

ORIENT news

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: