Iň täze habarlar

TDHÇMB-da söwdalaşyklar: “Türkmennebit” Döwlet konserniniň önümlerine isleg bildirildi

04.10.2024 | 08:51 |
 TDHÇMB-da söwdalaşyklar: “Türkmennebit” Döwlet konserniniň önümlerine isleg bildirildi

3-nji oktýabrda, penşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda “Türkmennebit” Döwlet konserniniň önümlerine isleg bildirildi.

Türkmen işewürleri “ТПП Д 30 С” markaly polipropileni satyn almak üçin “Türkmennebit” Döwlet konserni bilen geleşik baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň netijesinde umumy bahasy 1 000 000 manada barabar bolan 1 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar barada şu salgyda tanyşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: