Iň täze habarlar

Türkmenistan we ABŞ bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürýär

02.10.2024 | 10:28 |
 Türkmenistan we ABŞ bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürýär

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýetiniň ABŞ-a iş saparynyň çäklerinde AC Language School-da duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň ABŞ-daky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Meret Orazow, Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň prorektory Nurmuhammet Şyhlyýew we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň prorektory Begenç Mätliýew gatnaşdylar. AC Language School tarapyndan duşuşygy hökümet we operasion meseleleri boýunça esasy iş dolandyryjysy Angelas Çawiz alyp bardy.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti bilen geçirilen duşuşykda AC Language School halkara hil standartlaryny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň zähmet bazarynyň zerurlyklaryna we talaplaryna laýyklykda ýörite niýetlenen okuw kurslaryny işläp düzmegi teklip etdi. Bu teklip Türkmenistanyň ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça strategiki başlangyçlaryny goldamak, şeýle hem ýurduň esasy ykdysady toplumy üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak maksadyna gönükdirilendir.

AC Language School türkmen bilim edaralary we döwlet guramalary bilen şu aşakdaky ugurlar boýunça halkara standartlaryna laýyk gelýän kurslary işläp döretmäge taýýardygyny belledi:

  1. Syýahatçylyk: uçurymlara hyzmat edişiň halkara standartlaryna ugrukdyrylan syýahatçylyk sektorynyň talaplaryna laýyk gelmäge kömek etjek maksatnamalary döretmek, şol sanda daşary ýurt dillerini bilmek we medeniýetara aragatnaşyk endiklerini ösdürmek.

  2. Tehnologiýalar we inženerçilik: maglumat tehnologiýalary, programmirleme, additiw tehnologiýalar (3D-çap) we bioinformatika ýaly ugurlar boýunça okuw kurslaryny işläp düzmek. Bu programmalar bilime häzirkizaman çemeleşmeleri we okatmakda sanly tehnologiýalary ulanmaga üns bermegi özünde jemlär.

  3. Işewürlik we dolandyryş: MBA halkara standartlaryna laýyk gelýän işewürlik iş dolandyryşy, taslama dolandyryşy boýunça ýörite programmalary döretmek. Bu bolsa geljekki ýolbaşçylaryň we hünärmenleriň işewürlik ukyplarynyň derejesini ýokarlandyrmaga kömek eder.

  4. Energetika toplumy: Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri, tebigy serişdeleri durnukly ulanmak we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalar ýaly ugurlarda ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak maksady bilen programmalary işläp düzmek. Bu programmalar halkara standartlaryna laýyk bolup, energetika ulgamynda taslamalaryň dolandyryşy we pudaga innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly hünärmenleri taýýarlamagy öz içine alar.

  5. Oba hojalyk toplumy: Türkmenistan üçin oba hojalygyň ähmiýetini göz öňünde tutup, AC Language School agroişewürlik, durnukly oba hojalygy we oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek tehnologiýalary boýunça okuw programmalaryny teklip etdi. Bu programmalar oba hojalyk toplumlaryny dolandyrmak, önümçilik netijeliligini ýokarlandyrmak we oba hojalygynda öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak ukyplaryny ösdürmäge gönükdirilendir.

AC Language School talyplara we hünärmenlere halkara derejede ykrar edilen sertifikatlary almaga mümkinçilik berjek sertifikasiýa ulgamyny hem ornaşdyrmagy teklip etdi. Bu bolsa olaryň zähmet bazarynda bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün eder we Türkmenistanyň global bilim we ykdysady ulgamlara integrirlenmäge ýardam berer.

AC Language School tarapyndan taýýarlanyljak ýöriteleşdirilen bilim programmalary, Türkmenistanyň bilim ulgamynyň hilini ýokarlandyrmakda möhüm ädim bolar we ýurta hem-de daşary ýurtlarda üstünlikli işläp biljek ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga kömek eder.

ORIENT news

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: