Iň täze habarlar

Katardaky türkmen ilçisiniň arap gazetinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna bagyşlanan makalasy çap edildi

04.10.2024 | 10:28 |
 Katardaky türkmen ilçisiniň arap gazetinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna bagyşlanan makalasy çap edildi

Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow meşhur arap gazetleriniň biri bolan “Al Sharq”-da Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli makalasyny çap etdi. Makalada diplomat Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda dürli pudaklarda gazananalary, şeýle-de häzirki wagtda durmuşa geçirilýän iri taslamalary beýan etdi.

Makalada ilçi kuwwatlygy ýylda 33 mlrd m3 barabar bolan Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy barada belläp geçdi.

Türkmenistan iň iri gazy eksport edijileriniň biri bolup, dünýäde iň iri gaz ýataklarynyň eýesi hasaplanýar. Katar bolsa, öz gezeginde, dünýäde iň iri suwuklandyrylan gazy eksport edijileriniň biri hasaplanylýar.

Soňky ýyllarda türkmen-katar gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça ösdürilýär. Hususan-da, ýokary derejeli saparlaryň we yzygiderli syýasy geňeşmeleriň geçirilmegi bilen Türkmenistan bilen Kataryň arasyndaky söwda-ykdysady, syýasy-diplomaik gatnaşyklary has-da pugtalandyryldy.

Myratgeldi Seýitmämmedow Türkmenistanyň özüniň bitaraplyk syýasatyna esaslanyp, sebit we dünýä halklarynyň bähbidine gönükdirilen daşary syýasatyny işjeň durmuşa geçirýändigi barada aýratyn belläp geçdi.

ORIENT news

Foto: Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçisihanasy tarapyndan berildi

Şeýle hem okaň: