Iň täze habarlar

Eýran Demirgazyk-Günorta geçelgesiniň çäginde demirýol daşamalarynyň sanlylaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar

04.10.2024 | 15:05 |
 Eýran Demirgazyk-Günorta geçelgesiniň çäginde demirýol daşamalarynyň sanlylaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar

Eýran Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň çäginde Ýewraziýa ykdysady birleşiginiň (ÝAYB) agza-ýurtlary bilen demirýol daşamalarynyň sanlylaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar.

Bu barada Eýranyň ilkinji wise-prezidenti Muhammed Reza Arif Ýewraziýa ykdysady birleşiginiň agza-ýurtlarynyň ýokary wezipeli işgärleriniň mejlisinde habar berdi.

Ol Eýranyň Demirgazyk-Günorta halkara geçelgesiniň çäginde Hytaý we Özbegistan bilen demirýol ýük daşamalarynyň sanlylaşdyrylmagynyň nusgasynda ýol kartasynyň işlenilip taýýarlanylmagyny isleýändigini belledi.

Ýol kartasy Ýerwaziýa ykdysady birleşigi tarapyndan hem işlenilip taýýarlanyldy.

Ilkinji wise-prezidentiň aýtmagyna görä, demirýol boýunça ýük daşamalaryň sanlylaşdyrylmagy Ýewraziýa ykdysady birleşiginiň esasy maskatlaryny, ýagny 4 ugur (önüm, hyzmatlar, maýa goýumlar we işewürlik) boýunça bilelikdäki bazaryň döredilmegine mümkinçilik berer.

ORIENT news

Foto: awtoulag.gov.tm

Şeýle hem okaň: