Iň täze habarlar

2025-nji ýyldan başlap Özbegistanda syýahatçylygyň täze görnüşleri giriziler

04.10.2024 | 16:16 |
 2025-nji ýyldan başlap Özbegistanda syýahatçylygyň täze görnüşleri giriziler

2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap Özbegistanda syýahatçylygyň täze görnüşleri we ýurduň syýahatçylyk kuwwatynyň netijeli ulanylmagy bilen baglanyşykly goşmaça çäreler giriziler. Degişli karary Özbegistan Respublikasynyň Ministrler Kabineti kabul etdi diýip, “Daryo” internet-neşiri habar berýär.

Şeýlelikde, syýahatçylygyň täze görnüşleriniň arasynda:

Önüm öndürijilik işleri bilen tanyşlygy göz öňünde tutýan Senagat syýahatçylygy;

Altyn, magdan we beýleki gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň gazylyp alyşynda, magdan kärhanalarynda, şahtalarda, howpsuz araçäkden hereket etmeýän geologiýa desgalarynda tehnologiýa prosesslerine, şol sanda dag-magdan we partlatma işlerine syn etmegi, hünärmenler bilen aragatnaşygy, dag ýerlerine ekskuriýalaryň guralmagyny göz öňünde tutýan Geologiýa syýahatçylygy;

Ylmy-barlag institutlaryna we laboratoriýalara, obserwatoriýalara we planetariýalara, Ylymlar akademiýasyna we onuň düzümine girýän edaralara baryp görmek bilen ylmyň we tehnikanyň gazananalary bilen tanyşmaga niýetlenen Ylmy syýahatçylyk;

Harby syýahatçylyk. Syýahatçylygyň bu görnüşi harby taryh we bu babatda alnyp barylan işler bilen baglanyşykly ýerlere baryp görmegi, ýadygärliklere we çärelere gatnaşmagy, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen tanyşmagy, sebitlerde syýahatçylary düşürmek boýunça tölegli hyzmatlaryň guralmagyny göz öňünde tutýar.

Ýurduň syýasy durmuşyny, döwlet edaralarynyň, hususan-da, hökümet binalarynyň we desgalaryň taryhyny we işini şöhlelendirýän ýerlere baryp görmegi öz içine alýan Döwlet-dolandyryş syýahatçylygy.

ORIENT news

Foto: journal.tinkoff.ru

Şeýle hem okaň: