Iň täze habarlar

Tbiliside Türkmenistan bilen ulag we energetika meselesinde işjeň hyzmatdaşlyga taýýarlyk beýan edildi

04.10.2024 | 19:45 |
 Tbiliside Türkmenistan bilen ulag we energetika meselesinde işjeň hyzmatdaşlyga taýýarlyk beýan edildi

2024-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministriniň orunbasary G.Guramişwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar özara bähbitli ikitaraplaýyn söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek we çuňlaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary berkitmekde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň ähmiýeti dogrusynda aýratyn bellenilip geçildi.

Ulag we energetika ulgamlary häzirki wagtda hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hökmünde kesgitlenip, ulag-üstaşyr we energetika düzümini ösdürmekde bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine seredildi. Ykdysady gatnaşyklaryny, senagat we energitika hyzmatdaşlygyny, söwda we maýa goýumlaryny ösdürmekde ulag we üstaşyr geçelgesiniň tutýan orny ýene bir gezek nygtadylar.

04102024-v-tbilisi-nastroeny-na-vzaimodejstvie-s-turkmenistanom (1).jpg

Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki ýurduň halklarynyň bähbitleri üçin mundan beýläk hem işjeň hyzmatdaşlygy alyp barmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.

ORIENT news

Foto: Gruziýadaky Türkmenistanyň Ilçihanasy tarapyndan berlen

Şeýle hem okaň: