Iň täze habarlar

ABŞ-da Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýokary derejede bellenip geçildi

04.10.2024 | 12:15 |
 ABŞ-da Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýokary derejede bellenip geçildi

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Ogaýo ştatyndaky Kent döwlet uniwersitetinde Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýokary derejede bellenip geçildi.

Oňa ABŞ-daky abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk etmek bilen baglanyşykly häzirki wagtda ABŞ-da iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekilçiligindäki topary, ABŞ-nyň ýaşaýjylary we ol ýerde okaýan türkmen talyplary hem-de şol ýerde ýaşaýan türkmenler gatnaşdylar.

Baýramçylyk çäresiniň açylyşy Kent döwlet uniwersitetiniň global bilimi boýunça wise-prezidenti Marçello Fantoniniň we Ýewraziýa boýunça srategiýa müdiri Aýýa Hudaýbergenowanyň dabaraly çykyşy bilen utgaşdy.

Bu geçirilen baýramçylyk çäresinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary we talyp ýaşlary aýdym-saz we folklor we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda “Kanzas-Siti” aýdym-saz akademiýasyny dörediji we baş direktory Maýýa Tüýliýewa bolsa pianinoda çykyşlaryny ýerine ýetirdiler. Şeýle-de bu baýramçylyk çäresinde ABŞ-nyň “Boba we Uolta Wika” Poeziýa merkeziniň ýerine ýetiriji direktory Dewid Hassler we Magtymgulyşynas mugallym Durdy Ilmämmedow çykyş etdiler.

Bulardan başga-da, ABŞ-daky Türkmenistanyň ilçisi Meret Orazow, Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew we başgalar Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ömür döredijiligi we nusgawy filosofiki goşgylarynyň asyl many-mazmuny barada giňişleýin aýdyp berdiler.

Bu çäre «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023-2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynda» kesgitlenen «Daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň bölümlerini, şol sanda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda açmak mümkinçiligini öwrenmek» wezipesini durmuşa geçirmek maksady bilen, Bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekilçiligindäki toparynyň ABŞ-daky abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk etmek boýunça iş saparynyň çäklerinde gurnaldy.

Amanmyrat Arazow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ylym bölüminiň başlygy

Foto: Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty tarapyndan berildi

Şeýle hem okaň: