Iň täze habarlar

Gyrgyzystanda daşary ýurt talyplar üçin hökmany lukmançylyk ätiýaçlandyrylyşyň girizilmegi mümkin

30.09.2024 | 12:25 |
 Gyrgyzystanda daşary ýurt talyplar üçin hökmany lukmançylyk ätiýaçlandyrylyşyň girizilmegi mümkin

Gyrgyzystanda daşary ýurt raýatlygyna hem-de “Meken-kartyna” eýe bolan raýatlar we daşary ýurt talyplar üçin hökmany lukmançylyk ätiýaçlandyrylyşyny girizmek meýilleşdirilýär.

Respublikanyň Ministrler Kabinetiniň kararynyň degişli taslamasy köpçülikleýin maslahatlaşma çykaryldy diýip, Gazagystanyň “Kazinform” halkara habarlar agentligi belleýär.

Bu karar Gyrgyzystanda hökmany lukmançylyk ätiýaçlandyryşa çekmegiň netijeliligini gazanmagyň zerurlygy bilen kesgitlenildi.

Şeýlelikde, daşary ýurt raýatlygyna hem-de “Meken-kartyna” eýe bolan raýatlar Gyrgyzystanyň kanunçykaryjylyk häkimiýetiniň kesgitlän şertleri bilen hökmany lukmançylyk ätiýaçlandyryşy (HLÄ) bilen ätiýaçlanma hukugyny almaly. Mundan başga-da, okuw edaralary diňe HLÄ-niň ätiýaçlanma hukugynyň barlygy bilen daşary ýurtly raýatlary okuwa kabul etmäge borçlanýarlar.

HLÄ boýunça raýatlaryň hukugy fermerlerden hem-de wagtlaýyn zähmete ukypsyzlygy bolan raýatlardan (göwrelili we çaga doguran, şeýle-de uzak wagtlap dowam edýän keseller we şikesler) başga ätiýaçlandyryş tölegleriň soňkusynyň amala aşyrylan pursadyndan başlap üç aýyň geçmegi bilen ätiýaçlandyryş tölegleri geçirilmedik ýagdaýynda wagtlaýyn duruzylýar.

Munuň bilen birlikde, raýatlar tölenilmedik döwür üçin HLÄ töleglerinden boşadylmaýar. Tölemedik ýa-da şolaryň peýdasyna HLÄ tölegleri amala aşyrylmadyk raýatlar 12 aýdan köp bolmadyk töleg senesinden öňki tölenilmedik döwür üçin Gyrgyzystan Respublikasynyň kanun çykaryjy edarasy tarapyndan bellenilen mukdarda HLÄ boýunça ýa-da her aý üçin döwlet durmuş ätiýaçlandyryşy boýunça tölegler amala aşyrylmaly.

ORIENT news

Foto: kun.uz

Şeýle hem okaň: