Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti ABŞ-nyň Döwlet departamentinde bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

02.10.2024 | 09:37 |
 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti ABŞ-nyň Döwlet departamentinde bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

ABŞ-da iş saparynda bolan türkmen wekiliýetiniň ABŞ-nyň Döwlet departamentinde bilim hyzmatdaşlygyna bagyşlanan duşuşygy geçirildi. Ýokary derejede geçirilen duşuşyga ABŞ-nyň bilim we diplomatik edaralarynyň öňdebaryjy wekilleri gatnaşdylar, şol sanda Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça metbugat we jemgyýetçilik diplomatiýasy baradaky müdirligiň direktorynyň orunbasary Tämi Palçikow, Bütindünýä bilim maksatnamalary müdirliginiň direktorynyň orunbasary Jeými Şarp, ABŞ-nyň Bilim departamentiniň halkara işler müdirliginiň direktorynyň orunbasary Jennifer Hong, Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça akademiki alyş-çalyş programmalary müdirligiň wagtlaýyn ýolbaşçysy Karin Keiting we beýleki Döwlet departamentiniň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew, Türkmenistanyň ABŞ-daky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Meret Orazow, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň prorektory N. Şyhlyýew hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň prorektory B. Mätliýew gatnaşdylar.

Duşuşygyň esasy temasy Türkmenistanyň we ABŞ-nyň arasyndaky bilim hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek meselesi bilen bagly boldy.

Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 24-nji aprelinde ABŞ-nyň Döwlet departamentinde geçirilen Türkmenistanyň we ABŞ-nyň arasyndaky ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň dokuzynjy tapgyrynyň netijesinde, Türkmenistanyň Hökümeti bilen ABŞ-nyň arasynda bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekilipdi.

Şol günden bäri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze nusgasy ornaşdyryldy, ýagny Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryndan gelip çykýan bilim hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny öz içine alýan, ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy bilen bilelikde bilim ulgamyny ösdürmek boýunça ýol kartasy işlenip düzüldi . Mundan başga-da, duşuşygyň dowamynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak boýunça özara hyzmatdaşlygyň ýola goýlan mehanizminiň ýokary netijeliligi, şeýle-de täze wezipeleri kesgitlemek babatdaky ähmiýeti bellenildi.

Duşuşykda amerikan tarap Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda bilim ulgamyny halkara ülňülerine laýyk getirmek boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler barada hem durup geçdi.

Şeýle hem, ABŞ-nyň «ACCELS» Halkara bilim boýunça geňeşleri tarapyndan Türkmenistanda amala aşyrylýan ELF, TEA, SUSI, Fulbright, Global UGRAD, IVLP, TechGirls, OpenWorld ýaly 16 bilim maksatnamasyna türkmen talyplarynyň we mugallymlarynyň gatnaşmak tejribesiniň örän oňyn netije berýändigi bellenildi.

Türkmenistanyň bilim ulgamyny kämilleşdirmekde gazanylan üstünlikleri ýokary derejede bahalandyryp, Amerikaly wekiller bilim maksatnamalary bolan Fulbright, Study in USA, IVLP arkaly hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini teklip etdiler. Olar bilim ulgamynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça akademiki baha beriş usullaryny, bilim statistikasy derňewini, guramaçylyk we programmalar akkreditasiýasynyň tertibini, merkezi synaglary, mugallymlaryň we bilim edaralarynyň ýolbaşçylarynyň sertifikatlaşdyrylyşyny we ygtyýarnamalaşdyrylyşyny, şeýle-de ABŞ-yň ýokary okuw mekdepleriniň ylmy-bilim önümçiligi birleşdirmek we ylmy-barlag işini täjirleşdirmek tejribesini öwrenmek meselesinde işjeň hyzmatdaşlygy teklip etdiler.

ABŞ-nyň Bilim departamentiniň halkara işler müdiriniň orunbasary ABŞ-nyň bilim ulgamynyň durnukly gurluşy, federal edaralaryň, ştatlaryň we bilim edaralarynyň ygtyýarlyklary barada maglumat berdi. Bilim edaralarynyň 6 müň hünär okuw mekdebini öz içine alýan hilini üpjün ediş ulgamy barada jikme-jik düşündiriş berip, alyş-çalyş programmalarynyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, ylmy we bilim aragatnaşyklaryny ösdürmegi teklip etdi.

Duşuşygyň dowamynda ABŞ-da bilim almak mümkinçiligini döredýän "Study in USA" we "Fulbright" ýaly täze alyş-çalyş programmalarynyň işlenip düzülmegine aýratyn üns berildi. Şeýle hem, ABŞ-nyň öňdebaryjy bilermenleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň bilim ulgamynyň möhüm ugurlaryna laýyklykda programmalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmaga gönükdirilen umumy strategiýalary kesgitlemek maksady bilen, bilelikdäki seminarlar we ara alyp maslahatlaşmalary geçirmek teklip edildi.

Duşuşygyň esasy möhüm meselesi Türkmenistanda Amerikanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň şahamçalaryny açmak boldy. Şeýle ädim ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirip, Türkmenistanyň ýokary bilim ulgamynyň ösmegine uly goşant goşar, talyplara öňdebaryjy bilim tehnologiýalaryna we usullaryna elýeterliligi döreder.

Geçirilen duşuşygyň dowamynda Taraplar uzak möhletleýin we durnukly hyzmatdaşlygyň möhümdigini, innowasiýa ykdysadyýeti üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak meselesiniň ileri tutulýandygyny bellediler.

Mundan başga-da, 2023-nji ýylda gol çekilen «Türkmenistanyň we ABŞ-nyň hökümetleriniň arasynda bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek baradaky Ähtnama» laýyklykda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin edilýän işler barada maslahat edildi. Şeýle hem, Türkmenistanda Amerikanyň abraýly ýokary okuw mekdebiniň şahamçasyny döretmek meselesinde hyzmatdaşlygyň ähmiýeti nygtaldy. Bellenilişi ýaly, bu ugur Türkmenistanda bilim ulgamynyň hilini ýokarlandyrmaga ýardam eder.

Duşuşygyň dowamynda taraplar bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin anyk ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar.

ORIENT news

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: