Türkmenistanyň nebit-gaz uniwersitetiniň wekilleri Dubaýda “WETEX 2024” gatnaşýarlar
02.10.2024 | 22:20 |1-nji oktýabrdan 3-nji oktýabr aralygynda BAE-nyň “Dubai World Trade” sergi merkezinde “Suw, energetika, tehnologiýa we daşky gurşaw” atly halkara sergi (WETEX 2024) geçirilýär. Oňa gatnaşmak üçin Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary türkmen missiýasynyň çäginde wekilçilik etdi.
Bu ýerde 2022-nji ýylda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU, “Türkmennebit” Döwlet konserni we “Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd” kompaniýasy ylym we bilim pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada ylalaşyga gol çekendigini bellemelidiris. Ylalaşygyň çäginde uniwersitetiň mugallymlary we talyplary, “Dragon Oil”-iň Türkmenistandaky şahamçasy bilen Hazar deňziniň kenarynda önümçilige girizilmegi meýilleşdirilýän ýel energiýasyny ulanmak üçin innowasion tehnologiýany döretdiler.
62 ýurtdan 2600 töweregi kompaniýanyň gatnaşýan WETEX 2024 sergisinde Dragon Oil pawilionynda HNGU ýel energiýasyny elektrik energiýasyna öwürýän gurnama modelini hödürleýär. Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary, öňdebaryjy işläp düzüjiler tarapyndan görkezilen, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň we ýaşyl energiýa babatynda dünýäniň iň oňat tejribeleri bilen tanyşarlar.
1-nji oktýabrda Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekilleri energiýanyň geljegine, nebit-gaz pudagynda ornaşdyrylýan täze tehnologiýalara, howa metan zyňyndylaryny azaltmaga we nebit galyndylarynyň ekologiýa meselelerine bagyşlanan okuw maslahatyna gatnaşdylar. Bu okuw maslahatyna “Dragon Oil” we “Enoc”-yň ýolbaşçylary, şeýle hem Şarja uniwersitetiniň mugallymlary gatnaşdy.
ORIENT news