Iň täze habarlar

Türkmen diplomaty Gruziýanyň Parlamentiniň Medeniýet boýunça komitetiniň başlygy bilen duşuşdy

03.10.2024 | 16:15 |
 Türkmen diplomaty Gruziýanyň Parlamentiniň Medeniýet boýunça komitetiniň başlygy bilen duşuşdy

3-nji oktýabrda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Parlamentiniň Medeniýet boýunça komitetiniň başlygy E.Bolkwadzeniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlary boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeň ösýändigini, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmek däplerine esaslanýan gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, ýurtlaryň arasynda oňyn gepleşikleri saklamaga ýardam berýän möhüm gurallaryň biri hökmünde parlamentara hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini belläp geçdiler. Şunuň bilen birlikde, medeni-ynsanperwer ugruň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibinde aýratyn orny eýeleýändigi nygtaldy.

03102024-posol-turkmenistana-s-predsedatelem-komiteta-parlamenta-gruzii (2).jpg

Taraplar şu ýylyň aprel aýynda Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Şalwa Papuaşwiliniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiniň Türkmenistana bolan saparyny, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýetiniň Gruziýa amala aşyran saparlaryny bellediler.

Ilçi E.Bolkwadzen Ilçihana tarapyndan beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen çäreler bilen tanyşdyryldy, şeýle hem geljekde geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler dogrusynda durup geçildi.

03102024-posol-turkmenistana-s-predsedatelem-komiteta-parlamenta-gruzii (5).jpg

E.Bolkwadze hem öz gezeginde, hyzmatdaşlyga taýýardygyny hem-de bular ýaly çäreleriň geçirilmegi türkmen halkynyň milli medeniýetiniň we sungatynyň giňden tanalmagyna, şeýle hem iki ýurduň halklarynyň arasyndaky medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkemegine uly goşant goşjakdygyny aýtdy.

ORIENT news

Foto: Gruziýadaky Türkmenistanyň ilçihanasy tarapyndan üpjün edildi

Şeýle hem okaň: