Iň täze habarlar

Žanaozen-Kenderli-Türkmenistan bilen serhet awto ýolunda orta abatlaýyş işleri geçiriler

28.09.2024 | 10:20 |
 Žanaozen-Kenderli-Türkmenistan bilen serhet awto ýolunda orta abatlaýyş işleri geçiriler

Žanaozen-Kenderli-Türkmenistan bilen serhet awto ýolunda orta abatlaýyş işleri geçiriler. Bu barada Gazagystan Respublikasynyñ premýer-ministri Olžas Bektenowa Mangistau welaýatyna amala aşyran iş saparynyñ dowamynda habar berildi.

Bu çözgüt Kenderli kurort zolagynyñ we Mangistau welaýatynyñ syýahatçylyk mümkinçililerini ösdürmek maksady bilen kabul edildi.

Awtomobil ýolunyñ umumy uzynlygy 156 km deñdir. Abatlaýyş işlerine ýol örtüginiñ düzüminiñ berkidilmegi hem-de onuñ täzelenmegi degişlidir.

Kenderli kurort zolagy Mangistau welaýatynyñ meşhur dynç alyş ýerleriniñ biridir. Geljekde Kenderlide halkara howa menziliniñ hem-de kuwwatlylygy bir gije-gündizde 50 000 kub metr bolan süýjediji zawodunyñ gurulmagy meýilleşdirilýär.

ORIENT news

Foto: lada.kz

Şeýle hem okaň: