Iň täze habarlar

“Dragon Oil” Türkmenistanyň nebit we gaz pudagy bilen strategiki hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

30.08.2024 | 03:00 |
 “Dragon Oil” Türkmenistanyň nebit we gaz pudagy bilen strategiki hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

“Dragon Oil” kompaniýasynyň (BAE) direktorlar Geňeşiniň başlygy Said Mohammed Al Taýýer Aşgabatda Türkmenistan bilen nebit-gaz hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.

Çarşenbe güni WAM emirat agentliginiň habar bermegine görä, Al Taýeriň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň binasynda Türkmenistanyň wise-premýeri Batyr Amanow hem-de “Türkmennebit” Döwlet konserniniň Başlygy Guwanç Agajanow bilen netijeli duşuşygy geçirdi.

Duşuşyga “Dragon Oil” kompaniýasynyň direktorlar Geňeşiniň agzalary we Baş direktror Ali Raşid Al-Jarwan gatnaşdy.

Taraplar “Dragon Oil” bilen Türkmenistanyň arasyndaky üstünlikli hyzmatdaşlygyny mundan beýläk ösdürmek meselelerini hem-de “Çeleken” we “Blok 19” meýdançalarynda uzakmöhletleýin maýa goýum tasalamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Amanow bilelikdäki hyzmatdaşlyga ýokary baha berip, “Dragon Oil” kompaniýasyny 2024-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek Maýa goýum Maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy.

Duşuşykda Çeleken şertnamalaýyn çäginde gazyp alynyşyň işlenilip taýýarlaýşy üçin 10 mlrd dollar möçberinde maýa goýum meseleleri barada maslahatlaşyldy. “Dragon Oil” kompaniýasy işiň dowamynda ýüze çykýan hapalanmany ýagdaýyny azaltmak we Hazar deňziniň ekoulgamyna täsir edişini peseltmek üçin gözegçilik, hyzmat ediş we ulanyş standartlaryny işläp düzmek arkaly daşky gurşawy goramak ýörelgelerine ygrarlydygyny tassyklady. Şol bir Konsepsiýa zyňyndylar babatda hem ýörgünli, häzirki wagtda işiň dowamynda gazyň ýakylmagyny peseltmek, nebit burawlaryna gazyň ýygnalmagyny we onuň satylyşyny artdrymak bilen 2027-nji ýyla çenli zyňyndylary nol derejä getirmek boýunça işler alnyp barylýar.

Şeýle-de duşuşykda gazyp alynyşyň iň öňdebaryjy usullarynyň ulanylmagy bilen önümçiligi ýokarlandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, 30 mln barrel möçberde nebit gorlaryny artdyran “Ždanow” ýatagynyň günbatar bölegi ýaly hem-de bar bolan önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak üçin golaýdaky “Blok 19” ýatagynyda agtarma işleri alnyp barylýar. Şeýle-de “Dongolok” we mümkin “Blok 20” ýaly ýalpaklardaky goşmaça şertnamalary almak mümkinçilikleri barada maslahatlaşylýar.

Iki tarap Türkmenistanda çig nebitiň marketingi boýunça täze maksatlary ara alyp maslahatlaşdylar. Bu bolsa özara bähbidi gazanmak üçin hyzmatdaşlygy we täze müminçilikleriň öwrenilmegini ösdürmekde iki tarapyň ygrarlydygyny açyp görkezýär.

ORIENT news

Foto: wam.ae

Şeýle hem okaň: