Iň täze habarlar

Türkmenistan bilen Kazan bedenterbiýe we sport pudagyndaky hyzmatdaşlygyny ösdürýärler

13.09.2024 | 09:28 |
 Türkmenistan bilen Kazan bedenterbiýe we sport pudagyndaky hyzmatdaşlygyny ösdürýärler

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Serdar Ataýew Kazan şäherinde ýerleşýän Powolžýe döwlet bedenterbiýe, sport we syýahatçylyk uniwersitetine baryp gördi.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň web sahypasynda habar berlişi ýaly, Ylmy-barlag institutynyň direktory Alekseý Zwerew Serdar Ataýewi ýokary okuw mekdebiniň alyp barýan işleri we infrastrukturasy bilen tanyşdyrdy.

Hususan-da, türkmen myhmany bilim we barlaghana toplumynyň otaglary we uniwersitetiň muzeýi bilen tanyşdyryldy. Fijital merkezine aýratyn üns berildi, bu ýerde talyplar fijital sportlaryndaky başarnyklaryny ösdürýärler. Fijital sporty – özünde ýaryşlary iki görnüşde birleşdirýär: sanly we fiziki, esasy wezipesi ýaryşlaryň netijelerine görä iki görnüşde-de iň köp utuk gazanmak.

2023-nji ýylda Powolžýe döwlet bedenterbiýe, sport we syýahatçylyk uniwersiteti bilen Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekildi. Gol çekilen resminamanyň çäginde Türkmenistanyň degişli ýokary okuw mekdebiniň rektory we wekilleri Powolžýe döwlet bedenterbiýe, sport we syýahatçylyk uniwersiteti tarapyndan geçirilýän ylmy-amaly maslahatlara yzygiderli gatnaşýarlar.

ORIENT news

Foto: tdbsi.edu.tm

Şeýle hem okaň: