Iň täze habarlar

Owganystanyň gatnaşmagynda TOPH we beýleki ykdysady taslamalar durmuşa geçirilýär

11.09.2024 | 15:12 |
 Owganystanyň gatnaşmagynda TOPH we beýleki ykdysady taslamalar durmuşa geçirilýär

11-nji sentýabrda türkmen-owgan serhedinde Türkmenistan bilen Owganystanyň gatnaşmagynda amala aşyrylan iri göwrümli energetika, ulag we infrastruktura halkara taslamalarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly birnäçe çäreler geçirildi.

Mary welaýatynyň Serhetabat şäheriniň “Islim-Çeşme” serhet nokadyna geçirilen çärä Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammad Hasan Ahundyň hut özleri gatnaşdy.

Oňyn ýagdaýda geçirilen gepleşiklerden soň, Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedindäki demir ýol köprüsiniň açylyş dabarasy, “Şatlyk-1” gaz gysyjy desgasynyň düýbüni tutmak, “Arkadagyň ak ýoly bilen” Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň Serhetabat — Hyrat böleginiň we Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň gurluşyk işlerine badalga bermek dabarasy boldy.

6.jpg

Şeýle hem bu çäreleriň çäklerinde “Turgundy” demir ýol bekediniň “gury portunda” ammarlar toplumynyň, Turgundy — Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga bermek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TAP) elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän “Nur-el-Jahad” elektrik bekedini işe girizmek dabaralary geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly dabaralara gatnaşyjylara ýüzlendi. Şu günki wakalar, Türkmenistanyň häzirki zaman energiýa howpsuzlygy gurluşynyň we sebitleýin we halkara ykdysady ösüş üçin durnukly ulag ulgamyny ösdürmäge ygrarlydygynyň ýene bir tassyklamasy boldy.

ORIENT news

Foto: tdh.gov.tm

Şeýle hem okaň: