Iň täze habarlar

“SKYTAXI sp. z o.o.” kompaniýasynyň howa gamisi Türkmenabat Halkara howa menzilinde ilkinji tehniki gonuşy amala aşyrdy

12.09.2024 | 11:50 |
 “SKYTAXI sp. z o.o.” kompaniýasynyň howa gamisi Türkmenabat Halkara howa menzilinde ilkinji tehniki gonuşy amala aşyrdy

12-nji sentýabrda «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» (TULM) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň gurnamagynda “SKYTAXI sp. z o.o.” kompaniýasynyň Hytaý – Ýewropa ugry boýunça uçýan Boeing 767 ýük howa gämisi Türkmenabat Halkara howa menzilinde ilkinji tehniki gonuşy amala aşyrdy. Bu tehniki gonuşyň dowamynda ýerli hyzmatlardan we awia ýangyç guýmak hyzmatlaryndan peýdalanyldy diýip, TULM-yň websaýtynda habar berilýär.

Geljekde Türkmenabat Halkara howa menziliniň üsti bilen günlik şular ýaly tehniki gonuşlary amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

ORIENT news

Foto: tulm.tm

Şeýle hem okaň: