Moda senagatynda emeli aňyň ulanylyşy barada “Moda birleşigi” maslahatynda maslahatlaşylar
11.09.2024 | 14:06 |Moda senagatynda emeli aňyň ulanylyşy barada “Moda birleşigi” maslahatynyň çäklerinde tegelek stol formatynda maslahatlaşylar.
Maslahat Garaşsyz döwletleriň arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň ştab-kwartirasynda 19-20-nji noýabr aralygynda geçiriler.
Hususan-da, bilermenler emeli aňyň döremegi bilen moda senagatynda zähmet bazarynyň üýtgemegi barada maslahatlaşarlar.
Çykyş etjekleriň arasynda emeli aň studiýasynyň esaslandyryjysy Darýa Fokina, grafik emeli aň-dizaýneri Alisa Ýakowlewa, “Sber” neýro ylym we adam tertibi laboratoriýasynyň baş direktory Denis Parşin, dizaýner Leonid Alekseýew, sanly kontentiň awtory Anna Woskresenskaýa, “SuperJob” kompaniýasynyň ýaş hünärmenler bilen işleşmek boýunça wise-prezidenti Amir Sarakow we “Sber AI” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Nikita Hudow.
Moda senagatyna emeli aňyň ornaşdyrylmagy işewürlik prosesleriň işjeňleşdirmegi, innowasion egin-eşik kolleksiýasynyň döredilmegi, müşderiler bilen aragatnaşygyň şahsylaşdyrmagy we logistikanyň gowulandyrmagy üçin täze ýollary açýar.
Täze kolleksiýalaryň we marketing kompaniýalarynyň işläp taýýarlamalarynda emeli aňyň ulanylyşy egin-eşikleriň has talabalaýyk modellerini döredip, marketing strategiýalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Emeli aňy ornaşdyrylan çat-botlar şahsy maslahatlary hödürläp, haryt gözleg prosessini gowulandyrmak bilen müşderilere hyzmat edişiň ýokary derejesini üpjün edýärler.
Emeli aň we goşmaça hakykylyk esasynda işleýän wirtual çalşyrgyç otaglaryň kömegi bilen müşderiler egin-eşikleri fiziki satyn almadan ony deňäp görüp bilýärler. Bu onlaýn-dükanlaryna harytlaryň yzyna gaýtarmalaryny azaltýar.
Bularyň ählisi hünärmenlerden täze endikleri we ygtyýarlyklary, täze tehnologiýalara we prosesslere uýgunlaşmaga taýýar bolmagyny hem-de dowamly bilimi we ösüşi talap edýär.
“Moda birleşigi” atly maslahatyň guramaçylary bolup GDA-nyň Parlamentara Assambleýasy hem-de Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministrliginiň, Russiýa Federasiýasynyň Senagat we söwda ministrliginiň, Russiýanyň Eksport Merkeziniň, Russiýa Federasiýasynyň Ykdysady ösüş ministrliginiň we SOÝUZLEGPROM-yň howandarlygynda Russiýa Federasiýasynyň Federal mejlisiniň Federasiýa Geňeşi çykyş edýärler. Dabara ýeňil senagatyň we döredijilikli senagatyň, pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň, professional assosiasiýalarynyň wekillerini hem-de kanunçykaryjylary we bilermenleri bir ara jemleýär.
ORIENT news