Iň täze habarlar

Türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň häzirki meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

12.09.2024 | 10:16 |
 Türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň häzirki meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Burhanettin Duran bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-türk gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljekdäki ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm we esasy ugurlaryna degip geçip, taraplaryň syýasy, diplomatik, söwda, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga gönükdirilen pikirler beýan edildi.

Taraplar Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüş depgininden çuňňur kanagatlanma bildirdiler we ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde hyzmatdaşlygy has-da güýçlendirmek baradaky özara islegi beýan etdiler.

ORIENT news

Foto: Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan berildi

Şeýle hem okaň: