Iň täze habarlar

Hywada Merkezi Aziýanyň Ikinji Parlamentara maslahaty geçirilýär

12.09.2024 | 23:46 |
 Hywada Merkezi Aziýanyň Ikinji Parlamentara maslahaty geçirilýär

12-13-nji sentýabr aralygynda Özbegistanyň Hywa şäherinde Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Ikinji Parlamentara maslahaty geçirilýär. Bu sebitleýin çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti hem gatnaşýar.

Maslahat Merkezi Aziýanyň döwletleriniň hyzmatdaşlygyny parlament derejesinde ösdürmäge, sebitde parlamentara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, ýurtlaryň durmuş-ykdysady ösüşinde parlamentarileriň işjeň gatnaşmagynyň oňaýly tejribesini ýaýbaňlandyrmaga gönükdirilendir.

Maslahatyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar wekilçilikli edarlarynyň işiniň kämilleşdirilmeginde, döwletiň durmuş-ykdydady işine zenanlaryň we ýaşlaryň gatnaşmagyny işjeňleşdirmeginde milli tejribeleri bilen paýlaşyp, dostlugyň parlament toparlarynyň we pudaklaýyn komitetleriň arasyndaky gatnaşyklarynyň giňeldilmegi barada belläp geçdiler.

1092024-2-oj-centralnaziatskij-parlamentskij-forum (1).jpg

Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Birinji Parlamentara maslahaty 2023-nji ýylyň fewralynda Gazagystanyň Türkestan şäherinde geçirildi. Şonda hem, Parlamentara maslahatyny Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň birisinde, diňe bir paýtagt şäherlerinde däl, eýsem halklarymyz üçin mukaddes hasaplanylýan taryhy we medeni ähmiýete eýe bolan beýleki şäherlerinde ýylsaýyn geçirmeklik barada teklip edildi.

ORIENT news

Foto: mejlis.gov.tm

Şeýle hem okaň: