Iň täze habarlar

Türki dünýäsiniň umumy elipbiýi kabul edildi

11.09.2024 | 23:10 |
 Türki dünýäsiniň umumy elipbiýi kabul edildi

Merkezi Gazagystanyň Astana şäherinde ýerleşen Halkara türki akademiýasy 34 harpdan ybarat umumy türki elipbiýiniň ylalaşylandygy barada habar berdi. Bu karar Bakuda 9-11-nji sentýabr aralygynda geçirilen umumy türki elipbiýini döretmek boýunça Komissiýasynyň üçünji mejlisinde kabul edildi.

Mejlise Türki döwletler guramasynyň agza ýurtlary gatnaşdy. Duşuşygyň esasy maksady alymlar tarapyndan ilkinji gezek 1991-nji ýylda teklip edilen latyn elipbiýiniň esasynda umumy elipbiýi döretmek boýunça taslamasynyň işleriniň tamamlanylmagy boldy.

“Komissiýa 34 harpdan ybarat teklip eidlen elipbiý boýunça ylalaşyklara geldi. Harplaryň her birisi türki dillerine mahsus bolan dürli sesleri aňladýar” – diýlip, beýannmada bellenilýär.

Türki döwletler guramasynyň agza ýurtlary: Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkiýe, Özbegistan. Synçy ýurtlar: Wengriýa, Türkmenistan, Demirgazyk Kipr.

ORIENT news

Foto: azertag.az

Şeýle hem okaň: